Türkmenistan abraýly halkara guramalary bilen dostlukly gatnaşyklary ýola goýýar. Häzirki wagtda dünýäniň köp sanly halkara guramalarynyň agzasy bolan ýurdumyz Garaşsyzlygyň ilkinji günlerinden bäri Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň (BSGG) doly hukukly agzasydyr. Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi hem-de BSGG-niň Ýewropa býurosy hyzmatdaşlyk baradaky şertnamalaryň çäklerinde bilelikdäki uly işleri amala aşyrýar.
Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasy Birleşen Milletler Guramasynyň halkara jemgyýetçiliginiň saglygyny goramak maksady bilen döredilen ýöriteleşdirilen edarasydyr. 194 döwletden ybarat agzasy bolan bu gurama BMG-niň Durnukly ösüş boýunça toparynyň bir bölegi bolup durýar. Agentligiň dolandyryş gurluşyny we ýörelgelerini kesgitleýän BSGG-niň konstitusiýasy, esasy maksadyny “ähli halklaryň saglyk ýagdaýynyň iň ýokary derejä ýetmegini üpjün etmek” diýip yglan edýär. Guramanyň ştab-kwartirasy Şweýsariýanyň Ženewa şäherinde ýerleşip, onuň alty sany ýarym awtonom sebit şahamçasy we dünýäde 150 bölümi bar. BSGG 1948-nji ýylyň 7-nji aprelinde döredilip, şol gün Bütindünýä saglyk güni hökmünde hem giňden bellenilýär.
Bütindünýä Saglyk Assambleýasynyň (BSA) ilkinji ýygnagy 1948-nji ýylyň 24-nji iýulynda geçirildi. Onuň işi 1951-nji ýylda maliýe we tehniki binýadyň ep-esli mukdary gönükdirilenden soň başlandy. BSGG-niň giň ygtyýarlygy ählumumy saglygy goramak, ilatyň saglygyna howp salýan töwekgelçiliklere gözegçilik, adatdan daşary ýagdaýlarda çäreleri utgaşdyrmak we adamyň saglygyny we abadançylygyny ýokarlandyrmak ýaly ugurlary öz içine alýar. Gurama ýurtlara tehniki kömek berýär, halkara saglyk ülňülerini we görkezmelerini kesgitleýär hem-de saglyk barlaglarynyň üsti bilen global saglyk meseleleri barada maglumatlary ýygnaýar. Guramanyň dünýäniň saglygy goraýşynyň ýagdaýy baradaky beýanaty, ähli ýurtlaryň global saglyk maksatnamalaryna bagyşlanyp, lukmançylyk statistikalaryna ylmy baha berýär. Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasy saglyk meseleleri boýunça maslahatlar we pikir alyşmalar üçin ýokary derejedäki forum bolup hyzmat edýär. Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasy ilatyň saglygyny goramakda birnäçe öňegidişliklerde, esasan hem, mama we poliomiýelit ýaly keselleri ýok etmekde aýratyn rol oýnady. Häzirki wagtda birnäçe kesellere garşy göreş bilen birlikde, sagdyn iýmitlenmek, iýmit howpsuzlygy, zähmeti goramak we beýlekiler guramanyň ileri tutýan ugurlary bolup durýar. Bütindünýä Saglyk Assambleýasy guramanyň iň ýokary karar kabul edýän edarasy bolup, saglygy goramak boýunça 34 hünärmenden ybarat ýerine ýetiriji geňeşini saýlaýar we maslahatlaşýar. BSA-nyň ýygnagy her ýyl geçirilip, ileri tutulýan ugurlary kesgitlemek, BSGG-niň býujetini we işini tassyklamak üçin hasabat berýär. Häzirki wagtda Efiopiýanyň öňki saglygy goraýyş ministri we daşary işler ministri Tedros Adanom, guramanyň baş direktory bolup, bu wezipä bäş ýyllyk möhlet bilen 2017-nji ýylyň 1-nji iýulynda girişipdi. BSGG maliýeleşdirmek üçin agza döwletleriň hem-de hususy kompaniýalaryň hökmany we meýletin gatançlaryna bil baglaýar. 2018-nji ýylyň ýagdaýyna görä, onuň býujeti 4,2 milliard dollardan geçip, olaryň aglabasy agza döwletleriň meýletin gatançlaryndan gelýär.
Taryhy we ösüşi
Ilkibaşda 1851-nji ýylyň 23-nji iýunynda geçirilen Halkara arassaçylyk maslahaty BSGG-niň özünden ozalky ilkinji esasyny goýujydyr. 1851-nji ýyldan 1938-nji ýyla çenli dowam eden 14 maslahat tapgyry, köp kesellere garşy göreş alyp bardy. Haçan-da 1920-nji ýylda Milletler Ligasy döredilende, Milletler Ligasynyň Saglygy goraýyş guramasy hem döredilýär. Ikinji jahan urşundan soň Birleşen Milletler Guramasy BSGG-ni döretmek üçin beýleki saglyk guramalarynyň ählisini özüne çekýär.
Guramanyň döredilişi
1945-nji ýylda halkara guramany esaslandyrmak baradaky Birleşen Milletler Guramasynyň maslahatynda, Hytaý Halk Respublikasynyň wekili Szeming Sze norwegiýaly we braziliýaly wekiller bilen Birleşen Milletler Guramasynyň howandarlygynda halkara saglyk guramasyny döretmek barada özara maslahat edýär. Bu mesele boýunça çözgüt tapmak üçin, synanyşykdan soň, maslahatyň baş sekretary Eljer Hiss şeýle guramany döretmek barada beýannamany taýýarlamagy maslahat berýär. Szeming Sze we beýleki wekilleriň bilelikdäki tagallasy netijesinde, saglyk meselesi boýunça halkara maslahatynyň çagyrylyşy kabul edilýär. Şeýlelikde, Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň Konstitusiýasyna 1946-njy ýylyň 22-nji iýulynda Birleşen Milletler Guramasyna agza bolan 51 ýurduň wekilleri we beýleki 10 ýurduň wekilleri gol çekýärler. Şeýlelik bilen, ol BMG-niň her bir agzasynyň ilkinji ýöriteleşdirilen edarasy bolýar. Onuň Konstitusiýasy, ýigrimi altynjy agza döwlet tarapyndan tassyklanylandan soň, 1948-nji ýylyň 7-nji aprelinde Bütindünýä saglyk gününde resmi taýdan güýje girýär. Bütindünýä Saglyk Assambleýasynyň ilkinji ýygnagy 1949-njy ýyl üçin bäş million dollar býujetini tassyklap, 1948-nji ýylyň 24-nji iýulynda tamamlandy. Andriýa Ştampar Assambleýanyň ilkinji prezidenti we meýilnamalaşdyrmak döwründe ýerine ýetiriji sekretar bolup işlän Brok Çisholm BSGG-niň baş direktory wezipesine bellenýär. Ilkinji nobatda, gyzzyrma, inçekesele garşy göreş, şeýle hem, enäniň we çaganyň saglygyny, iýmitlenişini we daşky gurşawy gowulandyrmak guramanyň ileri tutýan wezipeleri bolýar. Ilkinji maksat keselleriň ýaýramagynyň öňüni almak baradaky takyk statistika düzmekden ybarat bolýar. Sagalmagyň simwoly bolan Asklepiýanyň hasasy, Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň nyşany hökmünde şekillendirilýär.