Hal­ka­ra “Bu­ker” baý­ra­gy­nyň emin ag­za­la­ry dün­ýä­niň iň go­wy ter­ji­me eser­le­ri­ne ba­gyş­la­nan ab­raý­ly baý­ra­gyň uzyn sa­na­wy­na gi­ri­zi­len 13 ro­ma­ny mä­lim et­di. Baý­rak her ýyl iň­lis di­li­ne ter­ji­me edi­len we Ang­li­ýa­da ýa-da Ir­lan­di­ýa­da ne­şir edi­len bir ki­tap üçin be­ril­ýär. Bu baý­rak ýo­ka­ry hil­li çe­per eser­le­ri oka­ma­gy hö­wes­len­dir­mä­ge we ter­ji­me­çi­le­riň işi­ne ýar­dam ber­mä­ge gö­nük­di­ri­len­dir. Ro­man­lar we he­ka­ýa­lar ýy­gyn­dy­sy bu bäs­le­şi­ge gat­na­şyp bil­ýär. Aw­to­ryň we ter­ji­me­çi­niň go­şan­dy deň yk­rar edil­ýär we 50 müň funt ster­ling baý­ra­k ola­ryň ara­syn­da deň paý­la­nyl­ýar. Gys­ga sa­na­wa gi­ri­zi­len her bir ýa­zy­jy we ter­ji­me­çi 1 müň funt ster­ling al­ýar, ne­ti­je­de, baý­ra­gyň umu­my ba­ha­sy 62 müň funt ster­lin­ge deň bol­ýar. Bu ýyl emin ag­za­la­ry 124 ki­ta­by göz­den ge­çir­di­ler.
2020-nji ýyl­da­ky Hal­ka­ra “Bu­ker” baý­ra­gy­na gat­na­şy­jy­la­ryň uzyn sa­na­wy: Wil­lem An­ker “Gy­zyl it”; Şo­koo­feh Azar “Ýa­şyl aga­jyň paý­ha­sy”; Gab­rie­la Ka­be­son Ka­ma­ra “Hy­taý de­m­ri­niň baş­dan ge­çir­me­le­ri”; Jon Fos­se “Beý­le­ki ady: Sep­to­lo­gi­ýa I-II”; Ni­no Ha­ra­tiş­wi­li “Se­ki­zin­ji dur­muş”; Mi­şel Uelbek “Se­ro­to­nin”; Da­ni­el Kel­man “Tyll”; Fer­nan­da Mel­çor “Tu­pan möw­sü­mi”; Ýo­ko Oga­wa “Po­li­si­ýa­nyň ýa­dy”; Em­ma­nu­el­le Pa­ga­no “Di­li­miň ujun­da­ky ýüz­ler”; Sa­man­ta Şweb­lin “Ki­çi­jik göz­ler”; Ma­ri­ke Lu­kas Raý­ne­weld “Ag­şa­myň oňaý­syz­ly­gy”.
2020-nji ýy­lyň Hal­ka­ra “Bu­ker” baý­ra­gy­nyň gys­ga sa­na­wy bol­sa, ýa­kyn gün­ler­de Lon­don­da mä­lim edi­ler.