Haýwanat baglary tebigatda ýaşaýan ýüzlerçe görnüşli jandary, şol sanda ösümlikleri synlamak üçin iň amatly ýerleriň biridir. Şol sebäpden bu ýerler hemişe köp adamly bolýar. Haýwanat baglarynda süýrenijiler, guşlar, deňiz jandarlary, ýerde-suwda ýaşaýanlar, ýolbars, gaplaň ýaly ýabany haýwanlar, pildir žiraf ýaly iri jandarlar bolýar. Eýsem, haýwanat bagynda saklanýan iň kiçi jandar haýsyka?!
Haýwanat bagynyň iň kiçi wekilleri ýaprak bilen iýmitlenýän garynjalardyr. Şeýle jandarlar Angliýanyň Çester haýwanat bagynda bar. Bu ýerde ýaprak bilen iýmitlenýän garynjalaryň birnäçe görnüşi bar. Mälim bolşy ýaly, garynjalar köplük bolup ýaşaýarlar we olar dürli-dürli işleri ýerine ýetirýärler. Garynjalaryň edýän işi olaryň ululygyna hem bagly. Mysal üçin, işçi garynjalaryň ululygy birnäçe millimetr (5-15 millimetr aralygynda) bolýan bolsa, ene garynjanyň ululygy 3 santimetre ýetýär.
1931-nji ýylda döredilen Angliýanyň Çester haýwanat bagynyň umumy meýdany 51 gektara barabar bolup, bu ýere her ýylda iki milliona golaý adam baryp görýär. Bu ýerde saklanýan jandarlaryň janly tebigatda ýaşaýan ösümlik dünýäsi hem döredilipdir.