“Uly ýig­ri­mi­li­giň” sam­mi­ti. “Uly ýig­ri­mi­li­giň” (G20) sag­ly­gy go­ra­ýyş mi­nistr­le­ri 19-njy ap­rel­de wi­deo­kon­fe­ren­si­ýa ar­ka­ly mas­la­hat ge­çir­me­gi me­ýil­leş­dir­ýär­ler. Onuň çäk­le­rin­de ta­rap­lar hal­ka­ra me­se­le­le­ri­ni mas­la­hat­la­şar­lar. Şeý­le hem, G20-iň sag­ly­gy go­ra­ýyş mi­nistr­lik­le­ri­niň ýol­baş­çy­la­ry dün­ýä­niň sag­ly­gy go­ra­ýyş pu­da­gy­nyň iş­le­ri­ni has-da iler­let­me­giň me­se­le­le­ri ba­ra­da pi­kir al­şar­lar. Mas­la­ha­ta Bü­tin­dün­ýä Sag­ly­gy Go­ra­ýyş gu­ra­ma­sy­nyň we Bü­tin­dün­ýä ban­ky­nyň we­kil­le­ri­niň go­şul­jak­dy­gy ha­bar be­ril­ýär.

Demokratik partiýa ýeňiş gazandy. 15-nji ap­rel­de “To­bu­ro” De­mok­ra­tik par­ti­ýa­sy­nyň ýol­baş­çy­ly­gyn­da­ky do­lan­dy­ry­jy to­par Ko­re­ýa Res­pub­li­ka­sy­nyň Mil­li As­samb­le­ýa­syna ge­çi­ri­len saý­law­lar­da ýe­ňiş ga­zan­dy. Saý­law býul­le­ten­le­ri­ do­ly sa­na­lan­dan soň, do­lan­dy­ry­jy to­pa­ryň Mil­li mej­lis­de je­mi 179 or­ny (Milli mejlisiň dü­zü­miniň 60,9%-ine deň) eýe­län­di­gi bel­li bol­dy. Hä­ki­mi­ýet ba­şyn­da­ky par­ti­ýa soň­ky 16 ýyl­da il­kin­ji ge­zek par­la­ment­dä­ki orun­la­ryň ag­la­ba köp­lü­gi­ne eýe bol­dy. Bir­le­şen par­ti­ýa­nyň ýol­baş­çy­ly­gyn­da­ky gar­şy to­par 101 or­na eýe bol­dy (Milli mejlisiň dü­zü­mi­niň 34,4%-ine deň). Mer­ke­zi saý­law to­pa­ry saý­law­çy­la­ryň sa­ny­nyň 66,2%-ine deň bo­lup, mu­nuň soň­ky 28 ýyl­da iň uly gat­na­şyk­dy­gy­ny ha­bar ber­di.

Bütindünýä bankynyň goldawy. Bü­tin­dün­ýä ban­ky öňü­miz­dä­ki bir­nä­çe aýyň do­wa­myn­da yk­dy­sa­dy­ýe­ti di­kelt­mek we te­le­ke­çi­le­ri gol­da­mak mak­sa­dy bi­len ösüp bar­ýan ýurt­la­ryň hö­kü­met­le­ri­ne we kom­pa­ni­ýa­la­ry­na 160 mil­liard dol­lar bö­lüp be­rer. Bu ba­ra­da Bü­tin­dün­ýä ban­ky­nyň Ýe­ri­ne ýe­ti­ri­ji di­rek­tor­lar ge­ňe­şi ha­bar ber­di. Je­mi 2 mil­liard dol­lar­lyk il­kin­ji ýar­dam 25 ýur­dy, soň­ra­ky tas­la­ma­lar bol­sa, ýe­ne 40 ýur­dy öz içi­ne al­ýar.
Mun­dan baş­ga-da, bank to­par­la­ry bar bo­lan tas­la­ma­lar­dan 1,7 mil­liard dol­lar möç­be­rin­de se­riş­de­le­ri ge­çir­me­giň üs­tün­de iş­le­ýär­ler.

We­lo­si­ped ýa­ry­şy ge­çi­ri­ler. “Gi­ro d’Ita­lia” at­ly köp gün­lük we­lo­si­ped ýa­ry­şy­nyň 2020-nji ýy­lyň okt­ýabr aýyn­da ge­çi­ril­me­gi me­ýil­leş­di­ril­ýär. Bu ba­ra­da Ita­li­ýa­nyň we­­lo­si­ped fe­de­ra­si­ýa­sy­nyň pre­zi­den­ti Re­na­to di Rok­ko ha­bar ber­di. – Mak­sa­dy­myz okt­ýabr aýyn­da “Gi­ro d’Ita­li­a”-ny ge­çir­mek – di­ýip, ol belledi.

“Ama­zon” iş­gär al­ýar. Ame­ri­kan söw­da kom­pa­ni­ýa­sy “Ama­zon” ýe­ne-de 75 müň iş­gä­r al­ar. On­laýn bö­lek sa­ty­jy, soň­ky wagt­lar sar­gyt­la­ryň sa­ny­nyň kö­pel­me­gi bi­len ýüz­be-ýüz bol­dy. Go­laý­da “Ama­zon” 100 müň ada­myň işe alyn­jak­dy­gy­ny mä­lim edip­di, ýö­ne ba­sym bu boş ýer­le­riň hem­me­si­niň do­lan­ly­gy bel­li bo­lan­soň, ýe­ne-de iş­gär­le­re ze­rur­lyk ýü­ze çyk­dy. Elekt­ron söw­da­sy­ny ama­la aşyr­ýan bu kom­pa­ni­ýa 1994-nji ýyl­da Jeff Be­zos ta­ra­pyn­dan on­laýn ki­tap dü­ka­ny hök­mün­de esas­lan­dy­ryl­dy. Soň­ra iş ge­ri­mi­ni gi­ňel­dip, au­dio ki­tap­lar (ýük­läp al­mak ar­ka­ly), wi­deo oýun­lar, elekt­ro­ni­ka, egin-eşik, me­bel, iý­mit, oýun­jak­lar we şaý-sep­ler ýa­ly ze­rur­lyk­la­ry sa­typ baş­la­dy.

25 mil­li­on to­ma­şa­çy. 12-nji ap­rel­de ita­li­ýa­ly aý­dym­çy And­rea Bo­çel­li Pas­ha baý­ra­myn­da Mi­lan so­bo­ryn­da kon­sert ber­di. Onuň kon­ser­ti­ne bir gü­nüň için­de on­laýn wi­deo ar­ka­ly 25 mil­li­on­dan gow­rak adam to­ma­şa et­di. Or­gan çal­ýan sa­zan­dar Ema­nue­le Wia­nel­li aý­dym­ça sa­zan­dar­lyk et­di. Bo­çel­li “Umyt sa­zy” at­ly kon­ser­tin­de Şu­ber­tiň “Awi Ma­ri­ýa” we Mas­ka­ni­niň “Sank­ta Ma­ri­ýa” ýa­ly saz­la­ry­ny ýe­ri­ne ýe­tir­di. Bo­çel­li ital­ýan aý­dym­çy­sy, nus­ga­wy we meş­hur saz­la­ry ýe­ri­ne ýe­ti­ri­jidir. Şeý­le hem, ony ope­ra saz­la­ry­nyň us­sa­dy hök­mün­de giň­den ta­na­ýar­lar.

Aýdan peýdalanmagy maksat edinýär. ABŞ-nyň Pre­zi­den­ti Do­nald Tramp Aý­da we gel­jek­de beý­le­ki as­man ji­sim­le­rin­de hem mag­dan ga­zyp al­mak hem-de te­bi­gy gor­la­ry­ny peý­da­lan­mak bi­len meş­gul­lan­ma­ga müm­kin­çi­lik ber­ýän ka­ra­ra gol çek­di. Oňa la­ýyk­lyk­da, ABŞ-nyň Döw­let De­par­ta­men­ti­ne hem-de hä­ki­mi­ýe­tiň beý­le­ki eda­ra­la­ry­na res­mi­na­ma­ny hal­ka­ra de­re­je­sin­de ara alyp mas­la­hat­laş­mak we dür­li eýe­çi­lik kom­pa­ni­ýa­la­ry bi­len Aý­da­ky, şeýle hem beý­le­ki as­man ji­sim­le­rin­dä­ki gor­lar­dan peý­da­lan­mak ba­ra­da­ky şert­na­ma­la­ry bag­laş­mak üçin ýa­rym ýyl wagt be­ril­di.