Deňiz jandarlaryny öwrenijileriň geçiren barlaglarynda bir akulanyň uzak aralyga syýahat edýändigi ýüze çykaryldy. Bu açyş deňiz jandarlary barada täze sowallaryň hem ýüze çykmagyna getirdi. Köp ýyldan bäri öwrenilýän hem bolsa, akulalar barada heniz mälim bolmadyk zatlar az däl. OCEARCH atly gurama akulalary yzarlamaga kömek edýän enjam dakyp, olaryň nirä gidýändigini kosmos arkaly yzarlaýar. Barlaglaryň netijesinde “Sereia” ady berlen akula 6400 kilometre barabar ýol geçdi. Bu jandar Afrikanyň kenaryndan Hindistanyň kenarlaryna çenli baryp ýetdi. Bu barlaglar akulalaryň hem ummany aşyp biljek derejede uzak aralyga gidip bilýändigini ýüze çykardy. Indi bolsa hünärmenler munuň sebäbini gözleýärler. Olar balygyň nirä gidendigini däl-de, näme sebäpden gidendigini bilmek isleýärler. “Sereia” 2018-nji ýylyň noýabrynda Afrikanyň gündogaryndaky Mozambigiň kenarlarynda tutulypdyr we yzarlaýjy enjam dakylypdyr. Akula bu uzak aralyga syýahatyny geçen aý amala aşyrypdyr. OCEARCH-yň wekili Jon Kanaly bu syýahatyň häzire çenli hasaba alnan iň uzak akula syýahatydygyny belleýär. Ýeri gelende aýtsak hünärmenler beýleki jandarlaryň hem haçan nirä gidýändiklerini yzarlaýarlar. Olar deňiz jandarlarynyň haçan nirede ýaşaýandygyny bilmek isleýärler.