G7-niň sammiti geçiriler. G7 liderleriniň duşuşygy iýun aýynyň ahyrynda, Beýik Britaniýanyň, Italiýanyň, Kanadanyň, ABŞ-nyň, Fransiýanyň, Germaniýanyň we Ýaponiýanyň döwlet ýolbaşçylarynyň gatnaşmagynda ýüzbe-ýüz görnüşde geçiriler diýip, ABŞ-nyň Prezidentiniň Milli howpsuzlyk boýunça geňeşçisi Robert O’Braýen aýtdy. Maglumatlara görä, ABŞ-da eýýäm dünýä Liderleriniň saparyna taýýarlyk işleri meýilleşdirilip başlandy. Mundan ozal, ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp öňden meýilleşdirilişi ýaly, Kemp-Dewiddäki kabulhanasynda G7 sammitini geçirmegiň mümkinçiligini öwrenýändigini habar beripdi.
ŞHG-niň sammiti güýzde geçiriler. Russiýa Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň (ŞHG) sammitini yza süýşürmek kararyna geldi, bu güýze golaý wagtda bolup biler. ŞHG-niň sammitiniň 22-23-nji iýulda Sankt-Peterburgda geçirilmegi meýilleşdirilýärdi, ýöne dünýäde emele gelen ýagdaý sebäpli ony güýze çenli süýşürmek kararyna gelindi. 2001-nji ýylda döredilen bu gurama häzirki wagtda sekiz döwlet girýär: Russiýa, Hytaý, Gazagystan, Täjigistan, Gyrgyzystan, Özbegistan, Hindistan we Pakistan (soňky iki ýurt 2017-nji ýylda goşuldy).
Pablo Pikassonyň suratyny utdy. Italiýanyň ýaşaýjysynyň lotereýasy 1 million dollarlyk Pablo Pikassonyň suratyny utdy. Onda 1 bulgur we gazet bölegi şekillendirilipdir. Eser 1921-nji ýylda çekilen natýurmort. “Christie’s” auksion öýi tarapyndan gurnalan bu surat üçin 50 müňden gowrak petek taýýarlanyp, olaryň her biri ýüz ýewro satyldy. Ýygnalan pullardan 900 müň ýewro suratyň öňki eýesine berler. Galan mukdar Madagaskaryň we Kamerunyň ilatynyň ýokary hilli agyz suwuna elýeterliligini üpjün etmekden ybarat haýyr-sahawat guramalaryna gönükdiriler.
Şa zenanyň şahsy zatlary satyldy. Wersal auksionynda Fransiýanyň şa zenany Mariýa-Antuanettanyň ýol sandyjagy we elýaglygy satyldy. Portretlerden, heýkellerden, kitaplardan, resminamalardan ybarat bolan Burbon hanadanlygynyň we Orlean öýüniň wekilleriniň 180 töweregi şahsy zatlary we şaý-sepleri auksiona çykaryldy. Mariýa-Antuanetta 1775-nji ýylyň iýunynda adamsy Lýudowik XVI täç geýdirilmegi mynasybetli resmi nahar wagtynda liliýa we bägül nagşy bilen bezelen elýaglyk ulandy. Başlangyç bahasy 2-3 müň ýewro bolan bu elýaglygy 14,5 müň ýewro satyldy. Şeýle hem, şa aýalynyň 8-10 müň ýewro diýlip baha kesilen ýol sandyjagy 44 müň ýewrodan satyldy.
Watikanyň muzeýleri açylar. Watikan muzeýleri üç aýa golaý arakesmeden soň 1-nji iýunda açylar. Bu barada muzeýiň müdirliginiň beýanatynda aýdylýar. Watikan şäherinde ýerleşýän muzeýler toplumy ruhanylar tarapyndan döredilip, olaryň arasynda Renessans döwrüniň eserlerini öz içine alýan nusgawy ussatlaryň sungat eserleri bar. Muzeýler XVI asyryň başynda Rim papasy Ýuliý II tarapyndan esaslandyrylýar. Watikan muzeýlerinde belli heýkeltaraşlar Mikelanjelonyň we Rafaeliň bitiren işlerini görmek bolýar. Bu muzeýler iň köp barylýan muzeýleriň arasynda öňdäki orunlary eýeleýär.
Belli ýazyjy aradan çykdy. 24-nji maýda ýazyjy, ssenariçi, fransuz akademiýasynyň agzasy Žan-Lu Dabadi 82 ýaşynyň içinde Parižde aradan çykdy. Dabadi köp romanlaryň awtorydyr. Olaryň ilkinjisi 1957-nji ýylda ýazylan “Gury gözler” romanydyr. Habar beriş serişdelerinde onuň synlary, sungat baradaky makalalary yzygiderli berilýärdi. Dabadi meşhur fransuz režissýorlarynyň filmleriniň ssenarisiniň 40-dan gowragynyň awtory bolup, köp sanly baýraklaryň eýesidir. Dabadi iň oňat ssenariý ugrunda üç gezek “Sezar” baýragyny aldy. Ýakynda ol Žorž Simonyň “Ýaşyl ýapraklar” romany esasynda düşüriljek filmiň ssenarisiniň üstündäki işlerini tamamlapdy.
Ýeňiş ýörişi geçiriler. Russiýanyň Prezidenti Wladimir Putin Goranmak ministri Sergeý Şoýgu bilen bolan duşuşygynda ýeňiş ýörişiniň 24-nji iýunda geçiriljekdigini habar berdi. – Size Russiýanyň paýtagty Moskwada we beýleki şäherlerde Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňşiň 75 ýyllygy mynasybetli harby ýörişe taýýarlyk görmäge başlamagy tabşyrýaryn – diýip, Wladimir Putin aýtdy. Prezident Putin “Ölmez-ýitmez polk” ýörişini 26-njy iýulda, Harby-deňiz güýçleriniň gününde geçirmegi teklip etdi. Russiýada Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňşiň 75 ýyllygy mynasybetli parad 9-njy maýda geçirilmelidi, emma dünýäde emele gelen ýagdaý sebäpli yza süýşürilipdi.