Soň­ky ýyl­lar­da elekt­rik ener­gi­ýa­sy bi­len iş­le­ýän we­lo­si­ped ba­za­ry bar­ha gy­zyş­ýar. Şol se­bäp­li iri aw­tou­lag ön­dü­ri­ji kom­pa­ni­ýa­lar hem we­lo­si­ped we beý­le­ki ki­çi göw­rüm­li ulag­la­ry ön­dür­ýär­ler. Dün­ýä­niň öň­de­ba­ry­jy aw­tou­lag ön­dü­ri­ji kom­pa­ni­ýa­la­ryň bi­ri bo­lan «Peu­ge­ot» az hem bol­sa, mo­to­sikl we we­lo­si­ped önüm­çi­li­gi bi­len meş­gul­lan­ýar. Bu ug­ra has köp äh­mi­ýet be­rip baş­lan kom­pa­ni­ýa «Cros­sover eT01» at­ly se­ria­sy­ny ta­nyş­dyr­dy. Dür­li gör­nüş­li bo­lan tä­ze we­lo­si­ped­le­riň kä­bi­ri gün­de­lik ze­rur­lyk­lar üçin, kä­bi­ri dag­da we ýol­suz ýer­ler­de sür­mä­ge ni­ýet­le­nip­dir. Ola­ryň äh­li­sin­de «Bosch» kom­pa­ni­ýa­sy­nyň he­re­ket­len­di­ri­ji­le­ri we ba­ta­re­ýa­la­ry otur­dy­lyp­dyr. We­lo­si­ped­le­re da­şyn­dan se­re­de­niň­de elekt­rik ener­gi­ýa­sy bi­len iş­le­ýän­di­gi­ni bil­mek aň­sat däl. Se­bä­bi, ola­ryň ba­ta­re­ýa­sy dür­li ýer­le­rin­dä­ki gur­lu­şyň içi­ne ýer­leş­di­ri­lip­dir. Ula­gyň iň ýyn­da­my­nyň tiz­li­gi sa­gat­da 110 ki­lo­met­re ýet­ýär. Tä­ze we­lo­si­ped­le­riň ba­ha­sy Ýew­ro­pa­da 2500-4000 ýew­ro ara­ly­gyn­da üýt­ge­ýär.