“Apple” kompaniýasy 2020-nji maliýe ýylynyň üçünji çärýegine degişli hasabat ýaýratdy. Tehnologiýa ägirdi 27-nji iýunda tamamlanan üç aýlyk döwürde girdejisini artdyrdy. Şeýlelikde, kompaniýanyň girdejisi ozalky çärýekdäkiden 11 göterim ýokarlanyp, 59,7 milliard dollara ýetdi. “Apple” biržada hereket edýän her bir paýnamasy üçin gazanan girdejisi 18 göterim bolupdyr. Amerikan brendiniň girdejisi hyzmatlar we harytlar pudaklarynda hem artypdyr. “iPad” satuwyndan alan girdejisi 31 göterim, “Mac” kompýuterleriniň satuwyndan alan girdejisi 21,6, dakylynlýan harytlar we aksesuarlardan alan girdejisi 16,7 göterim ýokarlanypdyr. Hyzmatlar pudagyndaky girdejisi 14,8 göterim derejesinde bolupdyr. “iPhone” satuwyndan alan girdejisi bolsa, örän az – 1,6 göterim ýokarlanypdyr.
Ýeri gelende aýtsak, kompaniýanyň sentýabr aýynda “iPhone 12” seriýasyna degişli smartfonlary tanyşdyrmagyna garaşylýar. Harytlar sentýabrda tanyşdyrylsa hem, müşderilere ýetirilmeli wagtynyň yza süýşürilip bilinjekdigi bellenilýär.