Diýarymyzyň şanly Bitaraplygynyň 25 ýyllygyna bagyşlanyp döredilen «www.neutrality.gov.tm» saýtynda täze bir bölüm — Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 25 ýyllygyna bagyşlanan onlaýn sergi açyldy. Bu wirtual sergide Diýarymyzyň ähli pudaklary, olaryň esasy edaralary we kärhanalary ýurdumyzda öndürilýän dürli görnüşli önümler, şol sanda daşary ýurtlara ibermäge niýetlenen önümler görkezilýär.

Senagat, nebit we gaz, ulag hem-de aragatnaşyk, söwda, bilim, ylym, saglygy goraýyş hem-de sport, oba hojalygy, medeniýet toplumlaryna bagyşlanan bölümlerden başga-da, ýurdumyzyň welaýatlarynyň we paýtagtymyz Aşgabat şäheriniň elektron «diwarlyklary» bar.

Umuman, tematiki bölümleriň 15-si Garaşsyz, Bitarap Watanymyzyň durmuşy hakynda gürrüň bermek bilen, ýurdumyzda alyp barýan ajaýyp özgertmeleriniň miwelerini aýdyň görkezýär. Serginiň baý mazmunlylygy, fotosuratlaryň köpdürlüligi, wideoşekiller onlaýn sergä gatnaşyjylara eziz Diýarymyz, onuň ykdysady kuwwaty barada aýdyň düşünje almaga ýardam eder.

Bulardan başga-da, Daşary işler ministrligi elektron görnüşdäki «Halkara täzelikler» gazetiniň işini ýola goýdy. Onuň ilkinji sany daşary syýasat edarasynyň saýtynda ýerleşdirildi.