Mirasa sarpa goýmak, Watany özgertmek ýylynda hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallasy netijesinde, dürdäne eserleri bilen geçmiş hem-de soňky döwür edebiýatymyzda uly yz galdyran ýazyjy-şahyrlarymyzyň ömri we döredijiligi hakynda söhbet açmaga giň mümkinçilikler döredilýär. Şeýle ýazyjylaryň biri-de ajaýyp eserleri halkyna miras goýan ýazyjy Ata Gowşudowdyr. Ol 1903-nji ýylda Aşgabat şäheriniň häzirki Abadan (öňki Büzmeýin) obasynda dünýä inipdir. Ýazyjynyň kakasy Gowşut Baýly ömrüni daýhançylyk işine baglan adam hökmünde, ejesi Ogulgerek eje belli ertekiçi-rowaýatçy hökmünde il içinde gowy tanalypdyr. Ejesiniň aýdyp beren ertekidir rowaýatlary Atanyň bütin döredijiligine uly täsir edipdir.
Ata Gowşudow ýaşlykdan döredijilik bilen meşgullanyp ugraýar. Oba mekdebini tamamlap, Aşgabatda mugallymçylyk ugrundan bilim alan döwürleri ýazan “Gyzyl puluň gullary” diýen pýessasy onuň döredijilik işiniň başy bolýar. Ol eser “Oraz serdar” ady bilen birnäçe sapar sahnada goýulýar. Soňra ýazyjy Moskwada Gündogar zähmetkeşleriniň uniwersitetinde bilimini artdyrýar.
Ata Gowşudowyň döredijiligi gazetlerde işlän döwürleri has-da rowaçlanyp ugraýar. Ýazyjy 1925-nji ýylda häzirki “Nesil” (Öňki“Ýaş kommunist”) gazetiniň redaktory bolup işleýär. 1928-nji ýylda ol paýtagtymyzdaky Teatral studiýanyň ilkinji direktory wezipesine saýlanýar. 1930-1937-nji ýyllar aralygynda dürli gazetleriň redaksiýalarynda işlän ýazyjy soňra Magtymguly adyndaky Dil we edebiýat institutynyň halk döredijilik bölüminde ylmy işgär bolup zähmet çekýär. Şu döwürde ýazyjy il içinden halk döredijilik eserlerini ýygnamakda uly işleri alyp barýar. Şol ýyllarda onuň “Azaşan yzyny tapdy”, “Gorkuly gijeden soň” ýaly kyssa eserleri okyjylara gowuşýar.
Ýazyjynyň 1941-1945-nji ýyllaryň urşunyň öňüsyrasynda döreden eserleri wajyplygy bilen okyjylar köpçüliginiň gyzgyn söýgüsine mynasyp bolýar. Ol eserleriň hatarynda “Watan ogly” powestini, “Juma” dramasyny görkezmek bolar. Ýazyjy uruşdan soň, has-da önjeýli işläp ugraýar. Onuň “Gandym awçynyň maşgalasy”, “Mähri—Wepa”, “Gajar aga”, “Iň soňky arçyn”, “Dordepel”, “Köpetdagyň eteginde” ýaly çuň manyly çeper eserleri okyjylar köpçüligi tarapyndan gyzgyn garşylanýar.
Mälim bolşy ýaly, geçen asyryň 30-njy ýyllarynda ýurdumyzda halk döredijiligini ýygnamak işi ýola goýlupdyr. Bu iş turuwbaşdan halk mirasyna teşne Ata Çepowyň ünsüni çekip, Pälwan bagşynyň “Görogly” şadessanyndan aýdýan dessanlaryny ýazyp almagyň ugruna çykypdyr. Şeýlelikde, ol bagşynyň öýünde birnäçe wagt bolup, bu işde uly erjellik görkezipdir. Ussat ýazyjy Ata Gowşudow Ata Çepowyň irginsiz zähmet siňdirip ýazyp alan şol nusgasy esasynda şadessany çapa taýýarlap, 1941-nji ýylda neşir etdiripdir. 1983-nji ýylda bolsa akademik Baýmuhammet Garryýewiň tagallasy bilen bu eseriň rus hem-de türkmen dilindäki nusgasy özbaşdak kitap görnüşinde Moskwada çap edilipdir.
Türkmen edebiýatynyň halk döredijilik eserlerinden görelde almagyň, täsirlenmegiň aýdyň mysallaryna ýazyjy A.Gowşudowyň eserlerinde köp duş gelmek bolýar. Ýazyjy “Köpetdagyň eteginde” romanynda bir wakadan başga bir wakany gürrüň bermäge geçjek bolanda, “Bu gep bu ýerde dursun, indi habary pylanydan alalyň” diýen ýaly erteki-dessançylyk stili bilen wakalary biri-birine baglanyşdyrýar. A.Gowşudowyň “Mähri-Wepa” romanynyň gahrymany Keljäniň batyrlygy, gahrymançylygy “Görogly” şadessanyndaky ýaly keşpde görkezilýär. Ussat ýazyjy Ata Gowşudowyň türkmen edebiýatyny ösdürmekde, halk döredijilik eserlerini okyjylara ýetirmekde, metbugat işini rowaçlyklara eýe etmekde bitiren hyzmatlary uludyr. Ol geçen asyryň ýigriminji ýyllarynyň ahyrlarynda başy başlanan milli kyssamyzyň ilkinji ussatlarynyň biridir.
Ýazyjynyň eserleri üstünden näçe onýyllyklar geçse-de, öz ähmiýetini ýitirmän gelýär. Ol eserler Watany, ene topragy, ýurdy, il-güni söýmegiň beýik nusgasy hökmünde her bir okyjynyň ruhy dünýäsini baýlaşdyrýar.
Orazdurdy AMANDURDYÝEW,
BAE-niň Prezidenti Şeýh Zaid bin Sultan Al-Nahaýýan adyndaky
Döwletliler köşgüniň müdiriniň okuw işleri boýunça orunbasary.