2020-nji ýylyň 12-nji awgustynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri R.Meredowyň Owganystan Yslam Respublikasynyň Merkezi Bankynyň Başlygynyň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetirijisi Ajmal Ahmadi bilen gepleşikleri geçirdi. Duşuşyk wideokonferensiýa görnüşinde geçdi.
Gepleşikleriň gün tertibinde – hyzmatdaşlygyň özara gyzyklanma döredýän ähli ugurlary boýunça birek-birek üçin bähbitli gatnaşyklaryň giňeldilmegi we pugtalandyrylmagy orun aldy. Iki ýurduň wekiliýetleriniň dürli meýdançalarda geçiren duşuşuklarynyň netijeliligini hem-de derwaýyslygyny aýratyn nygtamak bilen, taraplar Türkmenistanyň we Owganystanyň oňyn hyzmatdaşlygyny mundan beýläk hem dowam etmäge özara taýýarlyklaryny beýan etdiler.
Hususan-da, söhbetdeşler goňşy Owganystanyň dünýäniň durnuklylyk ulgamyna köpugurly integrirlenmegine gönükdirilen köptaraplaýyn we ikitaraplaýyn taslamalaryň durmuşa geçirilişiniň has hem işjeňleşdirilmeginiň zerurlygyna üns çekdiler.
Bu ugurda taraplar TOPH gaz geçirijisiniň we TOP elektrik geçiriji ugrunyň gurluşygynyň, Lapis-Lazuli ulag geçelgesiniň, şonuň ýaly-da beýleki taslamalaryň durmuşa geçirilişiniň depgini boýunça pikirleri alyşdylar. Mälim bolşy ýaly, sebitleýin ähmiýete eýe bolan bu taslamalar Owganystanyň çäginden üstaşyr geçirmek arkaly Günorta Aziýa ýurtlaryna elektrik energiýasynyň eksport edilmegi üçin mümkinçiliklerini döredýär we bitewi logistika merkezi bilen utgaşdyrylan ulag-üstaşyr geçelgeleriniň ugrunyň giňeldilmegi üçin zerur şertleri döredýär.
Duşuşyga gatnaşyjylar ýokarda görkezilen taslamalaryň üstünlikli durmuşa geçirilmeginiň tutuş sebitiň durnukly ykdysady ösüşine itergi bermek bilen, durmuş we ynsanperwer häsiýetli meseleleriň oňyn çözgüdine, parahatçylygyň we howpsuzlygyň pugtalandyrylmagyna ýardam berýändigini aýratyn nygtadylar. Hususan-da, täze iş orunlarynyň döredilmegi netijesinde ilatyň iş bilen üpjünçilik derejesiniň ýokarlandyrylmagyna, şol sanda energetika, ulag-kommunikasiýa we üstaşyr-logistika ugurly talabalaýyk infrastrukturanyň döredilmegine mümkinçilik berer.