Du­baý «The Add­ress Re­si­dences Ju­mei­rah Re­sort and Spa» at­ly tä­ze ke­nar şy­pa­ha­na­sy­ny aç­ma­ga ta­ýýar­lyk gör­ýär. Onuň üçe­gin­de dün­ýä­de iň be­ýik ýer­de ýer­leş­ýän ho­wuz bo­lar. Ho­wuz­ we sport za­ly, «Ju­mei­rah» et­ra­by­nyň ke­nar­ýa­ka şypahanasynda 2020-nji ýy­lyň üçün­ji çär­ýe­gin­de ula­nyl­ma­ga be­ril­jek binanyň 75-nji ga­tyn­da ýer­le­şer. Tas­la­ma­nyň gur­lu­şy­gy­ny «Emaar» kom­pa­ni­ýa­sy alyp bar­ýar, «Well­ness and Barr+Wray» ul­ga­my bol­sa, bi­na­nyň dolandyryş işlerini öz üstüne alar.
Bu top­lum be­ýik­li­gi 303 metr bo­lan goşa diň­den – 217 otag­ly ýa­şa­ýyş ja­ýyn­dan we myh­man­ha­na­dan yba­rat bo­lar. Olar ýo­kar­ky we aşa­ky py­ýa­da köp­rü­le­ri bi­len bir­leş­di­ri­ler. Hä­zir­ki wagt­da gur­lu­şy­gyň 75%-i ta­mam­lan­dy. Bu şy­pa­ha­na­da sau­na­lar, ham­mam­lar, be­je­riş otag­la­ry we beý­le­ki bir­nä­çe bö­lüm­ler bar. Dün­ýä­de iň be­ýik ýer­de ýer­leş­ýän 94 metr­lik açyk ho­wuz bolsa, Du­ba­ýyň we ke­nar­ýa­ka suw­la­ry­nyň pa­no­ra­mik gör­nü­şi­ni synlamaga mümkinçilik berer.
Mun­dan ozal Du­baýyň häkimiýetleri «Palm Ju­mei­rah» ada­syn­da­ky «Pal­ma» at­ly gök­di­rä­ni­niň 52-nji ga­tyn­da dünýäde iň be­ýik ýer­de ýer­leş­ýän ho­wu­zyň gu­rul­ýan­dy­gy­ny ha­bar be­rip­di. Bu ho­wuz 210 metr be­ýik­lik­de ýer­le­şip, hä­zir­ki wagt­da top­lu­myň gur­lu­şy­gy hem ta­mam­la­nyp bar­ýar. «Pal­ma» di­ňin­dä­ki ho­wuz 930 müň litr suw bi­len dol­du­ry­lar. Hä­zir­ki wagt­da dün­ýä­niň iň be­ýik ho­w­zy 191 metr be­lent­lik­de ýer­leş­ýän Sin­ga­pur­da­ky «Ma­ri­na Bay Sands Sky­park» gök­di­rä­nin­dä­ki ho­wu­z­dyr.