Ýer ýüzüniň dürli künjeklerinde dürli janly-jandarlar ýaşaýar. Bu haýwanlary görmek üçin ýa olaryň ýaşaýan ýerine gitmeli, ýa-da haýwanat bagyna. Belgiýanyň «Pairi Daiza» atly haýwanat bagy bolsa öz myhmanlaryna has täsin hyzmaty ýola goýupdyr. Haýwanat bagynyň içindäki myhmanhananyň penjiresinden Demirgazyk polýusda ýaşaýan deňiz jandarlaryna tomaşa edip bolýar. Agramy bir tonnadan geçýän, boýy 3,5 metre barabar bolan morža penjireden tomaşa etmek myhmanlarda ýatdan çykmajak täsir galdyrýar. Myhmanhananyň binagärlik aýratynlyklary hem sowuk ýeriň tebigatyny ýadyňa salýar. Diwarlar gök, ak hem-de kümüşsöw ýaly buzuň dürli öwüşginleri bilen reňklenipdir.
«Pairi Daiza» haýwanat bagynda 7 müňden gowrak janly-jandar idedilip, bag haýwanlaryň ýaşaýan tebigy aýratynlyklaryna görä böleklere bölünipdir. «Land of Cold», ýagny «Sowugyň diýary» atly bölümde «Walrus House» atly myhmanhana ýerleşýär. Bu ýerde ak aýylara we pingwinlere tomaşa etmek üçin ýörite niýetlenen otaglar bar. Haýwanat bagynyň çäginde möjekleri, aýylary, gaplaňlary we beýleki jandarlary görmek üçin ýörite otaglar bar. Haýwanat bagynyň myhmanlaryna ertirlik we agşamlyk nahar hem hödür edilýär. Şeýle hem bu ýerde tebigaty goramaga degişli durmuşa geçirilýän taslamalar barada maglumatlar berilýär.