Öý bi­ke­le­ri köp wag­ty­ny aş­ha­na­da ge­çir­me­li bol­ýar­lar. Şeý­le bo­lan­soň, kä­bir iş­le­riň aň­sat ýol­la­ry­ny bil­mek, wag­ty­ňy­zy tyg­şyt­la­ma­ga kö­mek eder. Ge­liň, ola­ryň kä­bi­ri­ne se­re­de­liň!
Eger na­ha­ra ke­lem ýa-da gök ot­la­ry at­jak bol­sa­ňyz, il­ki duz­ly so­wuk suw­da 10-15 mi­nut go­ýuň! Şeý­le­lik­de, onuň reň­ki üýt­ge­mez.
Çor­ba­ňy­zyň du­zy köp bo­lan bol­sa, içi­ne ke­si­len kar­toş­ka atyň! Kar­toş­ka onuň du­zu­ny özü­ne çek­ýär.
Ho­wur­peç­den çy­ka­ran kök­äňiz ga­byn­dan çyk­ma­ýan bol­sa, bir­sa­lym çyg­ly es­gi­niň üs­tün­de go­ýuň!
Gaý­na­dy­lan ýu­murt­ga­nyň aň­sat ar­tyl­ma­gy üçin suwa sal­maz­dan öň aşa­gy­ny iň­ňe bi­len de­şiň! Şeýlelikde, gaý­nan­dan soň­ra aň­sat­lyk bi­len ga­by­gy aý­ry­lar. Mu­nuň ýe­ne bir usu­ly bol­sa, ýu­murt­ga­nyň gaý­na­dyl­ýan su­wu­na bi­raz çaý so­da­sy at­ma­ly.
Mik­ro­tol­kun­ly peç­de na­har gyz­dyr­jak bol­sa­ňyz, onuň gu­ra­maz­ly­gy üçin gap­da­ly­na bir bul­gur suw go­ýuň!
Unuň içi­ne lawr ýap­ra­gy­ny goý­sa­ňyz ol uzak wagt­lap za­ýa­lan­man du­rar.
Maň­ňal­da ba­lyk bi­şi­re­ni­ňiz­de ýa­pyş­maz­ly­gy üçin aşa­gy­na ke­si­len li­mon bö­le­jik­le­ri­ni go­ýuň!
Gazanyň içindäki gaýnap duran süýdüň ýa-da çorbanyň çog­maz­ly­gy üçin üs­tü­ne agaç çem­çe go­ýuň!
So­wa­dy­jy­ňyz­da­ky çyg­ly­ly­gy aýyr­mak üçin iki çaý çem­çe­si duz sa­lyp go­ýuň we bir gi­je du­ran­dan soň­ra aýy­ryň!
So­wa­dy­jy­ňyz­da­ky ýa­kym­syz ysy aýyr­mak üçin bir kä­se ko­fe ýa-da ga­bar­dy­jy kül­ke go­ýuň!