Hytaýyň iň iri şäherleriniň biri bolan Şanhaýyň içinden geçýän derýanyň üstünde gurlan köpri reňkli bolmagy bilen tapawutlanýar. Pyýadalar we iki tigirli kiçi ulaglar üçin niýetlenen köpri 1997-nji ýylda gurlupdyr. Bir kilometrlik pyýada ýodasynyň ugrunda ýerleşýän köprini «100architects» atly şereket reňklendirip, ony şäheriň iň gelim-gidimli ýerine öwürdi. Ozal çal reňkli bolan köpriniň ortasy ýaşyl reňke boýalyp, welosipedleriň we samokatlaryň geçmegine niýetlenipdir. Aýlawly gülgüne çyzyk bolsa, pyýadalar üçin niýetlenipdir. Onuň üstünden geçýänler derýanyň owadan manzaryny, şeýle hem şäheri biraz belentden synlamaga mümkinçilik alýarlar. Taslamany durmuşa geçiren hünärmenler «High Loop» ady berlen bu desgany köpri däl-de, seýilgäh hökmünde abadanlaşdyrmagy makul bilipdirler. Köpriniň her ýerinde gök reňkli ýarym aýlawlar goýlup, ol ýerde adamlaryň daş-töwerege tomaşa etmegi, surata düşmegi üçin mümkinçilik döredilipdir. Şeýle hem amfiteatra meňzedilip ýasalan aýlawlar bilen bir hatarda oturyp, iýip-içmek üçin niýetlenen saýawanly ýerler hem göz öňünde tutulypdyr. Uly güldanlara oturdylan agaçlar bolsa, köprini has gözel görke getirýär.