Ýü­rek-da­mar ke­sel­le­rin­de ýa­şyň tä­si­ri uly bol­ýar. Şol se­bäp­li uly ýaş­ly adam­lar iý­mit­len­mä­ge we he­re­ket et­mä­ge aý­ra­tyn äh­mi­ýet ber­me­li­dir­ler. Luk­man­lar ýü­rek-da­mar ke­sel­le­ri­niň öňü­ni al­mak üçin dür­li mas­la­hat­la­ry ber­ýär­ler. Mi­we we gök önüm­le­riň, süýt önüm­le­ri­niň we gu­ry ir-iý­miş­le­riň has köp iýil­me­gi­niň sag­lyk üçin örän peý­da­ly­dy­gy anyk­lan­dy. Mi­we­dir gök önüm­ler C wi­ta­mi­ni­ne baý bo­lup, her gün azyn­dan bir wagt­ky na­har­da gök önüm­ler­den taý­ýar­la­nan na­ha­ryň bol­ma­ly­dy­gy bel­le­nil­ýär. Luk­man­lar hep­de­de 2 gün sa­ça­gy­ňyz­da ba­lyk­dan taý­ýar­la­nan ta­ga­myň bol­ma­ly­dy­gy­ny bel­le­ýär­ler. Ba­ly­gy ýag­da däl-de ho­wur­peç­de ýa-da gaý­na­dyp iý­me­giň has peý­da­ly­dy­gy bel­le­nil­ýär.
Ýü­rek-da­mar ke­sel­le­rin­den go­ran­ma­gyň iň esa­sy usu­ly gün­de­lik iý­ýän ta­gam­la­ry­my­zyň dü­zü­min­dä­ki ho­lest­eri­niň muk­da­ry­ny azalt­mak­dy­gy aý­dyl­ýar. Gy­zyl et dü­zü­min­de köp muk­dar­da ho­lest­erin sak­lap, gy­zyl et­li na­ha­ry hep­de­de 1-2 gün iý­mek mas­la­hat be­ril­ýär.
Sag­ly­gy­myz üçin di­ňe dog­ry iý­mit­len­mek däl, eý­sem, he­re­ket hem peý­da­ly. Her gün iň azyn­dan 30 mi­nut ýö­re­me­giň ýü­rek-da­mar ke­sel­le­ri­niň öňü­ni al­ma­ga ýar­dam ed­ýän­di­gi bel­le­nil­ýär. Yzy­gi­der­li ýe­ri­ne ýe­ti­ril­ýän maşk gan ba­sy­şy­ny we be­den­dä­ki ho­lest­eri­niň muk­da­ry­ny ka­da­ly sak­la­ma­ga ýar­dam ed­ýär.
Hoz, pis­se, ba­dam ýa­ly ir-iý­miş­le­riň dü­zü­min­dä­ki ýag, mag­niý, fos­for, sink ýa­ly mi­ne­ral­lar ýü­rek-da­mar sag­ly­gy üçin örän peý­da­ly. Bu ir-iý­miş­le­riň çi­gi­ni iý­me­giň has peý­da­ly­dy­gy bel­le­nil­ýär.
Noý­ba, fa­sol, no­hut, ýa­şyl mer­ji­mek ýa­ly kö­sük­li ekin­le­riň dä­ne­si dü­zü­min­de B to­pa­ry­na de­giş­li wi­ta­min­le­ri sak­lap, sü­ýüm ba­bat­da hem baý bol­ýar. Bu önüm­ler­den taý­ýar­la­nan na­ha­ry hep­de­de azyn­dan 2 gün iý­mek mas­la­hat be­ril­ýär. Kö­sük­li ekin­ler be­de­niň ag­ra­my­ny hem ka­da­ly sak­la­ma­ga ýar­dam ed­ýär.
Ge­çi­ri­len bar­lag­lar süýt we süýt önüm­le­ri­niň sag­lyk üçin peý­da­ly­dy­gy­ny ýü­ze çy­kar­dy. Beý­le­ki süýt önüm­le­ri bi­len bir ha­tar­da dü­zü­min­de az muk­dar­da ýag bo­lan peý­nir iý­mek­lik mas­la­hat be­ril­ýär.
Gök ça­ýyň hem ýü­rek-da­mar ke­sel­le­ri­ne peý­da­sy­nyň ulu­dy­gy ýü­ze çy­ka­ryl­dy.
Na­har bi­şi­ri­len­de onuň du­zu­ny bar­la­man duz at­maň! Aşa du­zly na­har hem adam be­de­ni­ne zy­ýan­ly. Luk­man­lar her gün be­de­niň ka­bul ed­ýän du­zu­nyň muk­da­ry­nyň 5 gram­dan köp bol­ma­ly däl­di­gi­ni bel­le­ýär­ler.