Daşary işler ministrliginde wideoaragatnaşyk arkaly Eýran Yslam Respublikasynyň ýol we şäher gurluşyk ministri Mohammad Eslami bilen gepleşikler geçirildi.

Duşuşygyň barşynda deňhukuklylyk ýörelgeleri esasynda işjeň ösdürilýän türkmen-eýran gatnaşyklarynyň ýokary derejesi hem-de iki goňşy döwletiň dürli ugurlar boýunça hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de pugtalandyrmaga ygrarlydygy bellenildi.

Ikitaraplaýyn gün tertibiniň möhüm meseleleriniň birnäçesi, hususan-da, söwda-ykdysady gatnaşyklary ilerletmek boýunça pikir alyşmalaryň çäklerinde ulag-üstaşyr hyzmatdaşlygy ösdürmegiň, iki ýurduň arasynda demir ýol arkaly ýük daşamagy kadaly derejede saklamagyň wajypdygyna aýratyn üns çekildi.

Şunuň bilen baglylykda, Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki türkmen-eýran hökümetara toparynyň möhüm orny nygtaldy. Ulag hem-de aragatnaşyk, senagat, oba we suw hojalygy geljegi uly ugurlaryň hatarynda görkezildi.