27-nji awgustda hormatly Prezidentimiz Ministrler Kabinetiniň sanly wideoaragatnaşyk arkaly nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşynyň möhüm meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy hem-de milli ykdysadyýetimiziň esasy pudaklaryny okgunly ösdürmäge gönükdirilen resminamalaryň birnäçesiniň taslamalaryna garaldy.
Mejlisiň barşynda Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Meredow gözegçilik edýän ulgamynda işleriň ýagdaýy hem-de nebitgaz toplumynyň işini has-da kämilleşdirmek we onuň önümçilik düzümini döwrebaplaşdyrmak boýunça durmuşa geçirilýän işler barada hasabat berdi. Döwlet Baştutanymyzyň garamagyna Kararyň taslamasy hödürlenildi, oňa laýyklykda, Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda iki sany täze gazturbinany gurmak we elektrik bekediniň durkuny täzelemek göz öňünde tutulýar.
TNGIZT-niň gazturbinaly elektrik bekediniň kuwwatynyň artdyrylmagy täze desgalary elektrik energiýasy bilen bökdençsiz we ygtybarly üpjün etmäge mümkinçilik berer. Şol desgalaryň ulanylmaga berilmegi Türkmenistanyň Prezidentiniň Türkmenistany durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň 2019 — 2025-nji ýyllar üçin Maksatnamasynda göz öňünde tutuldy.
Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, nebithimiýa senagatyny döwrebaplaşdyrmagyň möhümdigini belledi. Çünki döwletimiziň ykdysadyýetiniň esasy pudaklarynyň biri bolan bu toplum Türkmenistanyň eksport kuwwatyny pugtalandyrmak babatda möhüm ähmiýete eýedir. Hormatly Prezidentimiz «Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda täze gaz-turbinalary gurmak we elektrik bekediniň durkuny täzelemek hakyndaky» Karara gol çekip, ony elektron resminama dolanyşygy arkaly wise-premýere iberdi hem-de degişli tabşyryklary berdi.