27-nji awgustda hormatly Prezidentimiz Ministrler Kabinetiniň sanly wideoaragatnaşyk arkaly nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşynyň möhüm meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy hem-de milli ykdysadyýetimiziň esasy pudaklaryny okgunly ösdürmäge gönükdirilen resminamalaryň birnäçesiniň taslamalaryna garaldy.
Mejlisiň barşynda Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Öwezow «Käbir döwlet edaralaryna «Awtoulag kärhanalar birleşigi» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetini döretmäge esaslandyryjylar hökmünde gatnaşmaga ygtyýar bermek hakynda» hem-de «Ministrliklerde, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynda hem-de welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň häkimliklerinde awtomatlaşdyrylan elektron maglumat binýatlar ulgamyny döretmek hakynda» kararlaryň taslamalarynyň taýýarlanylyşy barada hasabat berdi.
Wise-premýeriň habar berşi ýaly, ulag ulgamynda giň gerimli işler amala aşyrylýar, şol sanda onuň maddy-enjamlaýyn binýady pugtalandyrylýar, ilatymyza ýokary hilli hyzmatlary etmek üçin döwrebap tehnikalar we enjamlar satyn alynýar. Milli Liderimiziň tabşyrygyna laýyklykda, «Aşgabat — Daşoguz» awtomobil ýolunyň ugrunda gurulýan Awtoulag kärhanalar toplumynyň gurluşyk işleri tamamlaýjy tapgyrda alnyp barylýar.
«Türkmenawtoulaglary» agentliginiň edara-kärhanalarynyň işiniň netijeliligini ýokarlandyrmak maksady bilen, Aşgabatdaky ýolagçy awtoulag kärhanasynyň, Awtomobil mekdepleriniň birleşiginiň hem-de «Awtomobil ulag hyzmaty» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň paýly gatnaşygynda «Awtoulag kärhanalar birleşigi» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetini döretmek barada teklip beýan edildi.
Wise-premýer hasabatyny dowam edip, Türkmenistanda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasyna laýyklykda, ýurdumyzyň ministrlikleri, pudaklaýyn dolandyryş edaralary, Aşgabat şäheriniň hem-de welaýatlaryň häkimlikleri, eýeçiliginiň görnüşine garamazdan, ähli edaralar, kärhanalar we guramalar hem-de hususy telekeçiler tarapyndan degişli işleriň tapgyrlaýyn geçirilmeginiň göz öňünde tutulýandygyny habar berdi.
Hormatly Prezidentimiziň «Türkmenistanda elektron resminamalar dolanyşygy ulgamyny hem-de internet web-saýtlary döretmek we işe girizmek hakynda» Kararyny ýerine ýetirmek maksady bilen, häzirki wagtda ýurdumyz boýunça internet web-saýtlarynyň 294-si döredildi. Olaryň kibergoraglylygy «Türkmenaragatnaşyk» agentliginiň hünärmenleri tarapyndan üpjün edilip, antiwirus programmalary işlenip taýýarlanyldy.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, hödürlenen resminamalara gol çekip, olary elektron resminama dolanyşygy arkaly wise-premýere iberdi hem-de olary ýerine ýetirmek boýunça birnäçe görkezmeleri berdi.