27-nji awgustda hormatly Prezidentimiz Ministrler Kabinetiniň sanly wideoaragatnaşyk arkaly nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşynyň möhüm meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy hem-de milli ykdysadyýetimiziň esasy pudaklaryny okgunly ösdürmäge gönükdirilen resminamalaryň birnäçesiniň taslamalaryna garaldy.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ç.Gylyjow daşary ýurtlardan getirilýän harytlary — elektron we elektrotehniki harytlary ýurdumyzda öndürmek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.

Milli ykdysadyýetimizi diwersifikasiýa ýoly arkaly mundan beýläk-de ösdürmek, elektron senagatyny döretmek maksady bilen, 2019-njy ýyldan başlap, ýurdumyzda döwlet Baştutanymyzyň tabşyrygy boýunça işlenip taýýarlanylan «Türkmenistanda 2019-2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasy» durmuşa geçirilýär. Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrliginiň «Agzybirlik tilsimaty» bilelikdäki kärhanasy tarapyndan elektron hem-de elektrotehniki harytlary we kompýuterleriň dürli görnüşlerini öndürmek ýola goýuldy.

Wise-premýer bu kompýuterleriň tehniki häsiýetnamalarynyň dünýä ölçeglerine gabat gelýändigi we iň täze programmalar bilen işlemäge mümkinçilik berýändigi barada hasabat berdi. Kärhanada ýokary tehnologiýaly binýat döredildi, maglumatlar we programma üpjünçiligi boýunça hünärmenler taýýarlanyldy.

Elektron enjamlaryň önümçiligini giňeltmek maksady bilen, Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäherinde «Agzybirlik tilsimaty» kärhanasynyň şahamçasyny açmak göz öňünde tutulýar. Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalary bolan «Türkmen-innowasiýa» hususy kärhanasy bilen bilelikde Ahal welaýatynda, «Türkmen-tranzit» hojalyk jemgyýeti bilen bilelikde Daşoguz welaýatynyň Daşoguz şäherinde týunerleriň we töleg terminallarynyň önümçiligini ýola goýmak meýilleşdirilýär.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, häzirki wagtda Türkmenistanda maksatnamalaryň durmuşa geçirilýändigini, sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasynyň şolaryň ileri tutulýan ugurlarynyň biridigini belledi. Milli Liderimiz iň gowy daşary ýurt tejribelerini, şol sanda sanly ulgamlary dolandyrmagy özleşdirmegiň zerurdygyny aýdyp, elektron maglumatlary ulgamynda ýokary hünärli hünärmenleri taýýarlamagyň möhümdigini aýratyn nygtady.