Kanadanyň iň uly şäheri Monrealda bir ammaryň üçeginde dünýäniň iň uly ýyladyşhanasy guruldy. “Lufa Farms” atly şereketiň ýöredýän ýyladyşhanasynyň meýdany 15 müň inedördül metre barabar. Bu bolsa, üç futbol meýdançasyna barabar diýmegi aňladýar. Bu ýerde kokos gabygynyň süýüminde bakja ekinleriniň we otlaryň ýüze golaý görnüşi ösdürilip ýetişdirilýär. Ösümlikleri tozanlandyrylmak üçin ýabany arylar goýberilipdir. Şeýle hem beýleki zyýan beriji mör-möjeklerden goranmak üçin kekene goýberilipdir. Ýyladyşhana her hepde 20 müň maşgala ýeter ýaly gök önüm ýygnalýar. Häzirki wagtda ýyladyşhanada 500-den gowrak adam zähmet çekýär. Ýyladyşhana aşagyndaky ammaryň içiniň ýylylygyndan peýdalanýar. Bu bolsa, ýyladyş üçin sar edilýän energiýany tygşytlamaga mümkinçilik berýär. Şeýle hem, bu ýerde ýagşyň suwy ýygnalyp, gaýtadan ulanylýar. Bu bolsa, suwy oba hojalyk ekerançylygyndakydan 90 göterim tygşytlamaga mümkinçilik berýär. “Lufa Farms” mundan ozal hem bu şäherde şeýle ýyladyşhanalaryň üçüsini gurupdyr. Binalaryň üçeginde bakja ekinlerini, hatda miweli agaçlary ösdürip ýetişdirilýänleriň sany soňky ýyllarda barha artdy. Bu ýagdaý şäher ilatyny arzan bahadan täze bakja ekinleri bilen üpjün etmäge ýardam edýär.