UEFA Ýewropa ligasynyň kubogyny Ispaniýanyň «Sewilýa» topary eýeledi. Andalusiýalylar Germaniýanyň Köln şäherindäki «RheinEnergie» stadionynda oýnalan finalda «Interden» 3–2 hasabynda üstün çykmagy başardy. Aýratynam, 1-nji ýarymy diýseň çekeleşikli geçen oýunda ilkinji bolup italýanlar hasaby açdy. 5-nji minutda niderland emini Danni Makkeleniň bellän penaltisini dürs uran Romelu Lukaku toparyny öňe çykardy. Ýöne ispanlaryň bu gola jogaby gijikmedi. 12-nji minutda niderland hüjümçi Luuk de Ýong hasaby deňledi. Yzygiderli çykyş edýän En-Nesiriniň ornuna esasy düzümde başlan Luuk de Ýong tälimçisine nä derejede dogry netije çykarýandygyny subut edýän deý ol 33-nji minutda ýene bir gezek tapawutlandy. Ýöne 3 minutdan soň, ozal telim ýyllap Ispaniýada oýnan urugwaýly goragçy Diego Godin hasaby deňledi. Bu 1-nji ýarymdaky soňky gol boldy. Oýnuň 2-nji ýarymynda çekeleşik azrak bolsa-da, toparlar wagtal-wagtal howply hüjümleri guradylar. Duşuşygyň 74-nji minudynda sag gapdaldan ýerine ýetirilen jerime urgudan soň, ispan topary öňe saýlandy. Şol pursatda Diego Karlosyň üstaşyr ýerine ýetiren urgusy Romelu Lukakunyň aýagyna degip derwezä girdi. Belgiýaly hüjümçi topa degmedik bolan ýagdaýynda top meýdançanyň daşyna barýardy. Şondan soň, italýanlaryň hasaby deňlejek bolup eden tagallalary öz netijesini bermedi. Netijede, «Sewilýa» 3–2 hasabynda ýeňiş gazanyp, 6-njy gezek bu kubogy eýeledi. Mundan ozal, 2006-njy, 2007-nji, 2014-nji, 2015-nji hem-de 2016-njy ýyllarda UEFA-nyň 2-nji derejeli kubogyny gazanan «Sewilýa» bu ugurda öz rekordyny täzeläp, 2-nji ýerdäki klublardan ep-esli arany açdy.