27-nji oktýabrda Ürgenç döwlet uniwersitetinde Türkmenistanyň bilim ministri Jumamyrat Gurbangeldiýew bilen uniwersitetiň rektory Feruza Madrahimowanyň arasynda resmi duşuşyk geçirildi.

Mähirli we dostlukly ýagdaýda geçen duşuşygyň dowamynda Özbegistan bilen Türkmenistanyň arasyndaky taryhy dostluk, doganlyk we hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklary aýratyn bellenildi. Şeýle hem ýokary bilim we ylym ulgamlarynda hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmegiň geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy.

Uniwersitetiň rektory Feruza Madrahimowa ýokary okuw mekdebiniň daşary ýurtly talyplary, şol sanda Türkmenistanyň ýaşlaryny hem uniwersitetde okamaga çekmäge, olar üçin amatly şertleri döretmäge, Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleri bilen ylmy we akademiki gatnaşyklary giňeltmäge, şeýle hem bilelikdäki başlangyçlary we taslamalary durmuşa geçirmäge taýýardygyny beýan etdi.

Mundan başga-da, Ürgenç döwlet uniwersitetiniň talyplarynyň her ýyl Türkmenistanda geçirilýän halkara ders olimpiadalaryna işjeň gatnaşýandyklary bellenildi. Taraplar hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de giňeltmek, iki ýurduň alymlarynyň we talyplarynyň halkara ylmy maslahatlara, forumlara hem-de akademiki çärelere özara gatnaşygyny işjeňleşdirmek barada pikir alyşdylar.

Çeşme: education.gov.tm