Mo­to GP bo­ýun­ça möw­sü­miň 5-nji ýa­ry­şy Awst­ri­ýa «Gran Pri­sin­de» por­tu­ga­li­ýa­ly Mi­gu­el Oli­wei­ra ýe­ňi­ji bol­dy. Awst­ri­ýa­nyň Spil­berg şä­he­rin­dä­ki «Red Bull» tras­sa­syn­da ge­çi­ri­len 28 aý­law­lyk ýa­ryş 16-njy aý­law­da is­pa­ni­ýa­ly Ma­we­rik Win­ýa­le­siň he­läk­çi­li­ge uç­ra­ma­gyn­dan soň, gys­ga wagt­lyk tog­ta­dyl­dy. Tras­sa­nyň aras­sa­lan­ma­gyn­dan soň, ga­lan 12 aý­law üçin ýa­ry­şa tä­ze­den bat be­ril­di. Ýa­ry­şyň soň­ky öw­rü­min­de 2 gar­şy­da­şy­nyň de­ňin­den geç­me­gi ba­şa­ran «Red Bull KTM Tech 3» to­pa­ry­nyň sü­rü­ji­si Mi­gu­el Oli­wei­ra ýe­ňiş ga­zan­dy. Bu onuň Moto GP-däki ilkinji ýeňşidir. Ýa­ryş­da 2-nji ýe­ri «Pra­mac Ducati» to­pa­ry­nyň awst­ra­li­ýa­ly sü­rü­ji­si Jek Mil­ler eýe­le­di. Il­kin­ji ha­tar­dan bat alan «Red Bull KTM Facto­ry» to­pa­ry­nyň is­pan sü­rü­ji­si Pol Es­par­ga­ro 3-nji ýe­ri bi­len oň­ňut et­me­li bol­dy.
Ge­çi­ri­len 5-nji ýa­ryş­dan soň 70 utuk top­lan Fa­bio Ku­ar­ta­ra­ro­nyň li­der­li­gi do­wam ed­ýär. And­rea Do­wi­zio­so 2-nji, Jek Mil­ler 3-nji ha­tar­da bar­ýar. Möw­sü­miň 6-njy «Gran Pri­si» 13-nji sent­ýabr­da San Ma­ri­no­da ge­çi­ri­ler.