Türkmenistanly agyr atletikaçylar dünýä çempionatynda çykyş edýärler

5

Kolumbiýanyň Kali şäherinde 17 ýaşa çenli ýetginjekleriň arasynda agyr atletika boýunça dünýä çempionaty dowam edýär. Oňa Türkmenistandan 7 türgen gatnaşýar.

Ýaş oglanlaryň arasynda Kerem Gurbandurdyýew we Atabek Azamatow (60 kg çenli agram derejesi), Şahin Hudaýbergenow (65 kg çenli) hem-de Dawut Kakageldiýew (79 kg çenli) medallar ugrunda bäsleşerler.

Gyzlaryň ýaryşynda bolsa Şabnam Kerimbaýewa we Ogulşat Amanowa (53 kg çenli), şeýle hem Gülzada Berdimuhammedowa (58 kg çenli) Türkmenistanyň adyndan çykyş ederler.

Geçen ýyl Peru döwletiniň Lima şäherinde geçirilen ýetginjekleriň arasyndaky dünýä çempionatynda dört türgenden ybarat bolan Türkmenistanyň ýygyndysy 10 medal gazanypdy. Olaryň 7-si kümüş we 3-si bürünç medaldy.

Çeşme: turkmenistan.gov.tm