Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň pa­ra­sat­ly baş­tu­tan­ly­gyn­da döw­le­ta­ra gat­na­şyk­la­ry­nyň has-da pug­ta­lan­dy­ryl­ma­gy­na uly äh­mi­ýet be­ril­ýär. Türk­me­nis­tan bi­len dün­ýä döw­let­le­ri­niň ara­syn­da­ky gat­na­şyk­lar deň­hu­kuk­ly­lyk ýö­rel­ge­le­ri esa­syn­da iş­jeň ös­dü­ril­ýär. Hä­zir­ki wagt­da bu ugur­da­ky hyz­mat­daş­lyk gat­na­şyk­la­ry barada wi­deo­mas­la­hat­lar ar­ka­ly pi­kir al­şyl­ýar.

Türk­men–eý­ran gat­na­şyk­la­ry­nyň
iş­jeň de­re­je­si
Da­şa­ry iş­ler mi­nistr­li­gin­de wi­deoa­ra­gat­na­şyk ar­ka­ly Eý­ran Ys­lam Res­pub­li­ka­sy­nyň ýol we şä­her gur­lu­şyk mi­nist­ri Mo­ham­mad Es­la­mi bi­len gep­le­şik­ler ge­çi­ril­di. Nyg­ta­ly­şy ýa­ly, il­kin­ji no­bat­da, iň ýa­kyn goň­şu­lar bi­len dost­luk we bi­rek-bi­re­ge hor­mat goý­mak esa­syn­da hal­ka­ra gat­na­şyk­la­ry ös­dür­mek hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň baş­tu­tan­ly­gyn­da dur­mu­şa ge­çi­ril­ýän da­şa­ry sy­ýa­sa­tyň esa­sy ugur­la­ry­nyň bi­ri bo­lup dur­ýar.
Du­şu­şy­gyň bar­şyn­da deň­hu­kuk­ly­lyk ýö­rel­ge­le­ri esa­syn­da iş­jeň ös­dü­ril­ýän türk­men-eý­ran gat­na­şyk­la­ry­nyň ýo­ka­ry de­re­je­si hem-de iki goň­şy döw­le­tiň dür­li ugur­lar bo­ýun­ça hyz­mat­daş­ly­gy mun­dan beý­läk-de pug­ta­lan­dyr­ma­ga yg­rar­ly­dy­gy bel­le­nil­di.
Iki­ta­rap­la­ýyn gün ter­ti­bi­niň mö­hüm me­se­le­le­ri­niň bir­nä­çe­si, hu­su­san-da, söw­da-yk­dy­sa­dy gat­na­şyk­la­ry iler­let­mek bo­ýun­ça pi­kir alyş­ma­la­ryň çäk­le­rin­de ulag-üs­ta­şyr hyz­mat­daş­ly­gy ös­dür­me­giň, iki ýur­duň ara­syn­da de­mir ýol ar­ka­ly ýük da­şa­ma­gy ka­da­ly de­re­je­de sak­la­ma­gyň wa­jyp­dy­gy­na aý­ra­tyn üns çe­kil­di.

Şu­nuň bi­len bag­ly­lyk­da, Yk­dy­sa­dy hyz­mat­daş­lyk bo­ýun­ça bi­le­lik­dä­ki türk­men-eý­ran hö­kü­me­ta­ra to­pa­ry­nyň mö­hüm or­ny nyg­tal­dy. Ulag hem-de ara­gat­na­şyk, se­na­gat, oba we suw ho­ja­ly­gy gel­je­gi uly ugur­la­ryň ha­ta­ryn­da gör­ke­zil­di.

Bü­tin­dün­ýä fo­ru­my
ba­ra­da pi­kir alyş­ma
Söw­da we da­şa­ry yk­dy­sa­dy ara­gat­na­şyk­lar mi­nistr­li­gi­niň we­kil­le­ri Du­baý şä­he­rin­de ge­çi­ril­jek (Bir­le­şen Arap Emir­lik­le­ri) «EKS­PO-2020» Bü­tin­dün­ýä ser­gi­si­niň gu­ra­ma­çy­lyk ko­mi­te­ti­niň ýol­baş­çy­la­ry bi­len gö­ni wi­deoa­ra­gat­na­şyk ar­ka­ly gu­ra­lan du­şu­şy­ga gat­naş­dy­lar.
Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň bel­leý­şi ýa­ly, bi­ziň ýur­du­myz öza­ra bäh­bit­li hyz­mat­daş­lyk üçin he­mi­şe açyk­dyr, şol se­bäp­li hem da­şa­ry ýurt­ly hyz­mat­daş­la­ryň Wa­ta­ny­my­zyň baý yk­dy­sa­dy kuw­wa­ty hem-de hä­zir­ki za­man ga­za­nan­la­ry, türk­men hal­ky­nyň kö­pa­syr­lyk öz­bo­luş­ly däp-des­sur­la­ry ba­ra­da aý­dyň dü­şün­je al­ma­gy üçin äh­li müm­kin­çi­lik­ler­den peý­da­lan­mak ze­rur­dyr, giň ge­rim­li hal­ka­ra ser­gi­le­re yzy­gi­der­li gat­na­şyl­ma­gy hem mu­ňa gö­nü­den-gö­ni ýar­dam ber­ýär.
Du­şu­şy­gyň do­wa­myn­da bü­tin­dün­ýä fo­ru­my­ny ge­çir­mek bi­len bag­la­ny­şyk­ly gu­ra­ma­çy­lyk me­se­le­le­ri ara al­nyp mas­la­hat­la­şyl­dy. Ha­bar ber­li­şi ýa­ly, dün­ýä­de eme­le ge­len epi­de­mio­lo­gi­ýa ýag­da­ýy­ny ha­sa­ba alyp, Türk­me­nis­tan «EKS­PO–2020»-ni in­di­ki ýy­la ge­çir­mek ba­ra­da BAE-niň öňe sü­ren baş­lan­gy­jy­ny gol­da­dy.
Şu­nuň bi­len bag­ly­lyk­da, ta­rap­lar öza­ra bäh­bit­li gat­na­şyk­la­ry iş­jeň­leş­dir­mek hem-de ne­ti­je­li pi­kir alyş­ma­la­ry do­wam et­mek ba­ra­da­ky ga­ra­ýyş­la­ry be­ýan et­di­ler, şun­da hä­zir­ki za­man san­ly teh­no­lo­gi­ýa­la­ry­ny ulan­mak müm­kin­çi­lik­le­ri­ne aý­ra­tyn üns be­ril­di.
Ýur­du­my­zyň Du­baý­da ge­çi­ril­jek «EKS­PO» gat­naş­ma­gy­nyň gy­zyk­lan­ma bil­dir­ýän äh­li ta­rap­lar bi­len hyz­mat­daş­ly­gyň ge­ri­mi­niň gi­ňel­dil­me­gi­ne, ýur­du­myz­da ön­dü­ril­ýän ha­ryt­la­ryň da­şar­ky ba­zar­la­ra iş­jeň çy­ka­ryl­ma­gy­na, şeý­le hem dür­li ugur­lar­da öň­de­ba­ry­jy dün­ýä tej­ri­be­si bi­len ta­nyş­ma­ga ýar­dam et­jek­di­gi bel­le­nil­di.
BAE-niň we­kil­le­ri hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ze däp bo­lan iki­ta­rap­la­ýyn dost­luk gat­na­şyk­la­ry­nyň hem-de tu­tuş­ly­gy­na umu­my aba­dan­çy­ly­gyň bäh­bit­le­ri­ne la­ýyk gel­ýän ne­ti­je­li hal­ka­ra hyz­mat­daş­ly­gyň ös­dü­ril­me­gi­ne hem­me­ta­rap­la­ýyn ýar­dam ber­ýän­di­gi üçin tüýs ýü­rek­den ho­şal­lyk bil­dir­di­ler.
TÜRK­MEN
ALA­BAÝ­LA­RY­NYŇ
ŞA­NY DÜN­ÝÄ DOL­ÝAR
Türk­me­nis­ta­nyň Fran­si­ýa Res­pub­li­ka­syn­da­ky Adat­dan Da­şa­ry we do­ly yg­ty­ýar­ly il­çi­si Haý­wan­la­ryň sag­ly­gy­ny go­ra­mak bo­ýun­ça Bü­tin­dün­ýä Gu­ra­ma­sy­nyň Baş di­rek­to­ry ha­nym Mo­nik Elua we onuň ge­ňeş­çi­si, dok­tor Ro­ma­no Ma­ra­bel­li bi­len du­şu­şyk ge­çir­di. Ta­rap­lar haý­wan­la­ryň ara­syn­da ýo­kanç ke­sel­le­riň köp­çü­lik­le­ýin ýaý­ra­ma­gy­nyň öňü­ni al­mak ul­ga­myn­da hyz­mat­daş­ly­gy iş­jeň­leş­dir­me­giň me­se­le­le­ri­ni ara alyp mas­la­hat­laş­dy­lar. Söh­bet­deş­li­giň bar­şyn­da il­çi ha­nym Elua ýur­du­myz­da dö­re­di­len «Türk­men ala­baý it­le­ri» as­so­sia­si­ýa­sy ba­ra­da mag­lu­mat be­rip, onuň gur­lu­şy hem-de as­so­sia­si­ýa­­nyň işi­niň esa­sy ugur­la­ry bi­len ta­nyş­dyr­dy. Bu dü­zü­miň dö­re­dil­me­gi ala­baý it­le­ri­ni ös­dür­me­giň mil­li mek­de­bi­niň iň go­wy ýö­rel­ge­le­ri­niň kä­mil­leş­di­ril­me­gi­ni, halk seç­gi­çi­lik usul­la­ry­ny we dün­ýä yl­my­nyň hä­zir­ki za­man ga­za­nan­la­ry­ny ulan­mak ar­ka­ly ala­baý­la­ryň ul­gam­la­ýyn esas­da ös­dü­ril­me­gi­ni üp­jün eder. Hä­zir­ki wagt­da ýur­du­myz­da aras­sa gan­ly ala­baý­la­ra ideg et­mek, ola­ry kö­pelt­mek hem-de ter­bi­ýe­le­mek, ýur­du­my­zyň it­le­ri ýe­tiş­dir­mek bo­ýun­ça top­lan iň go­wy tej­ri­be­le­ri­ni sak­lap gal­mak we kö­pelt­mek, it­le­riň bu to­hu­my­nyň gym­mat­ly ge­no­fon­du­ny ke­ma­la ge­tir­mek, de­giş­li yl­my iş­le­ri yzy­gi­der­li esas­da ge­çir­mek üçin äh­li ze­rur şert­le­r dö­re­dil­ýär.
Ha­nym Elua Türk­me­nis­tan­da haý­wan­la­ryň sag­ly­gy­ny go­ra­mak bo­ýun­ça ama­la aşy­ryl­ýan uly iş­le­re ýo­ka­ry ba­ha be­rip, öz ýol­baş­çy­lyk ed­ýän gu­ra­ma­sy­nyň bu ugur­da giň ge­rim­li gat­na­şyk­la­ry ös­dür­mä­ge taý­ýar­dy­gy­na ynan­dyr­dy. Şeý­le hem Mo­nik Elua Türk­me­nis­ta­na ba­ryp gör­mä­ge we «Türk­men ala­baý it­le­ri» as­so­sia­siýa­sy­nyň işi bi­len ýa­kyn­dan ta­nyş­ma­ga uly gy­zyk­lan­ma bil­dir­ýän­di­gi­ni be­ýan et­di.
Du­şu­şy­gyň ahy­ryn­da ha­nym Elua hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň ki­tap­la­ry, şeý­le hem türk­men ala­baý­la­ry we ahal-te­ke be­dew­le­ri ba­ra­da beý­le­ki ne­şir­ler ýa­dy­gär­lik sow­ga­dy hök­mün­de gow­şu­ryl­dy.