Eýran Yslam Respublikasynda geçiriljek nobatdaky Prezident saýlawlary geljek ýylyň iýun aýyna bellenildi. Bu barada ýurduň içeri işler ministriniň syýasy işler boýunça orunbasary hem-de saýlaw kampaniýasynyň başlygy Jemal Orfyň sözlerine salgylanyp, ýurduň habar beriş serişdeleri mälim edýärler.
– Esasy Kanunyň goragçylar geňeşiniň agzalary bilen maslahat edilenden soň, 2021-nji ýylyň 18-nji iýunynda saýlaw geçirmek barada karara gelindi – diýip, Jemal Orf belledi. Onuň aýtmagyna görä, saýlaw kampaniýasynyň başlamagy indiki ýylyň fewral-mart aýlaryna meýilleşdirilýär.
Eýranda soňky gezek Prezident saýlawlary 2017-nji ýylyň 19-njy maýynda geçirilip, saýlawlaryň netijelerine görä, häzirki döwlet Baştutany Hasan Ruhani 57% ses alyp, ikinji möhlete saýlanypdy. Eýranda takmynan, 56 million adamyň ses bermäge hukugy bar.