Ber­ka­rar döw­le­ti­mi­ziň bag­ty­ýar­lyk döw­rün­de döw­let Baş­tu­ta­ny­my­zyň baş­lan­gy­jy bo­ýun­ça Türk­me­nis­tan­da ýo­ka­ry komp­ýu­ter teh­no­lo­gi­ýa­la­ry­ny, mul­ti­me­di­ýa ul­gam­la­ry­ny, öň­de­ba­ry­jy iş tej­ri­be­si­ni ulan­mak ar­ka­ly döw­re­bap okuw mek­dep­le­ri­niň ul­ga­my­ny gi­ňelt­mä­ge, tu­tuş bi­lim ul­ga­my­nyň in­no­wa­si­on ýol bi­len ös­dü­ril­me­gi­ne aý­ra­tyn äh­mi­ýet be­ril­ýär. Bu işiň esa­sy mak­sa­dy dün­ýä­niň bi­lim gi­ňiş­li­gi­ne iş­jeň go­şu­lyp, ýur­du­myz­da ösüp gel­ýän ýaş ne­sil­le­re dün­ýä ül­ňü­le­ri­ne ky­bap­daş­lyk­da bi­lim ber­mek­den yba­rat­dyr.
Bu gün­ki gün ýur­du­my­zyň is­len­dik kün­je­gi­ne bar­saň, öňi bi­len gö­züň dün­ýä ül­ňü­le­ri­ne ky­bap gel­ýän ak mek­dep­ler­de eg­len­ýär. Her bir şä­he­ri, oba­ny tä­miz gör­ke eýe edip otu­ran ak mek­dep­le­ri gör­mä­ge göz ge­rek. Mul­ti­me­di­ýa esa­syn­da en­jam­laş­dy­ry­lan in­te­rak­tiw tag­ta­ly, komp­ýu­ter, in­ter­net ul­gam­la­ry bi­len üp­jün edi­len okuw otag­la­ry ça­ga­la­ryň dün­ýä ül­ňü­le­ri esa­syn­da bi­lim al­ma­gy­na ýol aç­ýar. Ýur­du­my­zyň bi­lim ul­ga­my­ny kä­mil­leş­dir­mek, her ýyl tä­ze okuw ýy­ly­ny ýo­ka­ry ru­hu­be­lent­lik­de gar­şy­la­mak eziz Ar­ka­da­gy­my­zyň çuň­ňur ala­da­la­ry bi­len gur­şal­ýar.

Mäh­ri­ban Ar­ka­da­gy­my­zyň taý­syz ta­gal­la­sy bi­len ýo­la go­ýul­ýan bu iş­ler ra­ýat­la­ry­myz­da çuň­ňur ka­na­gat­lan­ma duý­gu­sy­ny oýar­ýar.
1-nji sent­ýabr mek­dep okuw­çy­la­ry, ta­lyp­lar we mu­gal­lym­lar üçin tä­ze okuw ýy­ly­nyň baş­lan­ma­gy­ny ala­mat­lan­dyr­ýan se­ne­dir. Bu şan­ly se­ne bi­ziň ýur­du­myz­da «Bi­lim­ler we ta­lyp ýaş­lar gü­ni», hal­ka­ra de­re­je­sin­de bol­sa «Bi­lim­ler gü­ni» ady bi­len da­ba­ra­lan­dy­ryl­ýan öz­bo­luş­ly bir baý­ram­çy­lyk­dyr. Bi­lim­ler we ta­lyp ýaş­lar gü­nün­de paý­tag­ty­my­zyň Ho­ja Ah­met Ýa­sa­wy we A. Ny­ýa­zow şa­ýol­la­ry­nyň çat­ry­gyn­da ýer­leş­ýän 21-nji ýö­ri­te­leş­di­ri­len ter­bi­ýe­çi­lik-okuw mek­de­bi ula­nyl­ma­ga be­ril­di. Tä­ze okuw bi­na­sy­nyň top­lu­my­na 720 okuw­çy orun­lyk mek­dep hem-de 320 kör­pä ni­ýet­le­nen 320 orun­lyk taý­ýar­la­ýyş bö­lü­mi bar, oňa 5 ýa­şyn­da­ky ça­ga­lar ka­bul edi­ler. Al­ty ýa­şy­ny dol­du­ran ça­ga­lar bol­sa tä­ze okuw ýy­lyn­da umu­my­bi­lim bö­lü­min­de 1-nji synp­da oku­wa baş­lar­lar. Bu mek­de­be söh­bet­deş­li­giň ne­ti­je­le­ri bo­ýun­ça beý­le­ki mek­dep­ler­den hem ikin­ji syn­pa okuw­çy­lar ka­bul edi­ler.
Bu ýer­de okuw ders­le­ri­ni, ter­bi­ýe­çi­lik iş­le­ri­ni ýo­ka­ry de­re­je­de ge­çir­mek, be­den­ter­bi­ýe-sport we me­de­ni çä­re­le­ri, okuw­çy­la­ryň bi­li­mi­ni art­dyr­jak çä­re­le­ri gu­ra­mak üçin hem­me şert­ler dö­re­di­lip­dir. Synp otag­la­ry we iş otag­la­ry hä­zir­ki za­man mul­ti­me­di­ýa we komp­ýu­ter en­jam­la­ry, dür­li ders­ler bo­ýun­ça okuw gol­lan­ma­la­ry bi­len üp­jün edi­lip­dir. 5-nji synp­dan baş­lap, iň­lis di­lin­dä­ki ders­le­riň sa­ny art­dy­ry­lar, 6-njy synp­dan baş­lap, mek­de­biň okuw me­ýil­na­ma­sy­nyň esa­syn­da kä­bir ders­le­ri iň­lis di­lin­de ge­çir­mek mak­sat edi­nil­ýär.
Şeý­le hem Ma­ry we­la­ýa­ty­nyň Tag­ta­ba­zar et­ra­by­nyň San­dyk­ga­çy ge­ňeş­li­gi­niň Okt­ýabr oba­syn­da 320 orun­lyk iki gat­ly tä­ze mek­de­biň açy­lyş da­ba­ra­sy bol­dy. «Er­kin zäh­met» hu­su­sy kär­ha­na­sy­nyň gur­lu­şyk­çy­la­ry­nyň gu­ran, umu­my meý­da­ny 2550 ine­dör­dül metr bo­lan döw­re­bap bi­lim eda­ra­sy hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň öňe sü­ren mil­li mak­sat­na­ma­sy­nyň çäk­le­rin­de gu­rul­dy. Mek­dep bi­na­syn­da mej­lis­ler we 2 sa­ny sport za­ly, na­har­ha­na, gyz­la­ra we og­lan­la­ra ni­ýet­le­ni­len zäh­met otag­la­ry, ki­tap­ha­na göz öňün­de tu­tu­lyp­dyr. Hi­mi­ýa, fi­zi­ka, ma­te­ma­ti­ka, in­for­ma­ti­ka ýa­ly ders­le­ri çuň­laş­dy­ryp okat­ma­ga ýö­ri­te­leş­di­ri­len otag­lar hem bar. Synp otag­la­ry in­te­rak­tiw tag­ta­lar, komp­ýu­ter­ler bi­len en­jam­laş­dy­ry­lyp­dyr. Mek­de­be ýa­na­şyk ýer­de açyk sport meý­dan­ça-da bar. Okuw­çy­la­ra zäh­met en­dik­le­ri­ni ber­mek üçin, bu ýer­de ýy­la­dyş­ha­na hem gur­lup­dyr.

Sapa MAGTYMGULYÝEW,
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk
institutynyň mugallymy.