Soň­ky ýyl­lar­da elekt­rik ener­gi­ýa­sy bi­len iş­le­ýän we­lo­si­ped­le­re bo­lan is­leg bar­ha art­ýar. Şeý­le bo­lan­soň, bu ba­zar­dan paý al­mak is­le­ýän kom­pa­ni­ýa­la­ryň sa­ny hem kö­pel­ýär. «Mon­day Mo­tor­bi­kes» at­ly kom­pa­ni­ýa tä­ze we­lo­si­pe­di­ni ta­nyş­dyr­dy. «An­za» at­ly ula­gyň daş­ky şe­ki­li mo­to­sik­le meň­ze­ýär. Ga­lyň ti­gir­le­ri bo­lan ula­gyň ba­ta­re­ýa­sy mo­to­sik­liň ben­zin ba­gy­na meň­ze­di­lip ýa­sa­lyp­dyr. Iki nus­ga­sy bo­lan ula­gyň bi­ri­niň ba­ta­re­ýa­sy­nyň kuw­wa­ty 500 wat, beý­le­ki­si­niň­ki 750 wa­ta ba­ra­bar. 500 wat­ly mo­del 32 km/sa­gat tiz­lik bi­len he­re­ket ed­ýär. Has uly mo­del­de bu gör­ke­zi­ji 56 km/sa­gat. Gid­raw­lik du­ru­zy­jy­sy bo­lan we­lo­si­ped­le­riň ki­çi­si bi­len 40 km, ulu­sy bi­len 56 km ýol ge­çip bol­ýar. Bu gör­ke­zi­ji­niň şä­he­riň için­de sür­mek üçin ýe­ter­lik­di­gi­ni aý­dyp bo­lar. «An­za» we­lo­si­pe­di­niň 500 wat nus­ga­sy 1500, 750 wat mo­de­li 2500 dol­lar­dan sa­ty­lar. LCD ek­ran bi­len üp­jün edi­len ula­gyň ba­ta­re­ýa­sy­ny çal­şyp hem bol­ýar.

Jeren AŞYRMÄMMEDOWA,
S. A. Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň talyby.