Şweýsariýanyň Dawos şäherinde guralýan Bütindünýä ykdysady forumynyň (WEF) her ýylky maslahatynyň geçiriljek wagty 2021-nji ýylyň gyşyndan tomsuna süýşürildi. Bu barada WEF-iň baş edarasynyň ýerine ýetiriji direktory Adrian Monk tarapyndan ýaýradylan beýanatda mälim edilýär. Şeýle hem beýanatda geljek ýylyň 25-nji ýanwarynda onlaýn görnüşinde geçiriljek «Dawos Dialog» çäresinde dünýä liderleriniň 2021-nji ýylda dünýäniň ykdysady ýagdaýy barada pikir alyşjakdygy bellenilýär.
1971-nji ýylda germaniýaly ykdysatçy Klaus Şwab tarapyndan esaslandyrylan forum Ýewropa kompaniýalarynyň dolandyryjylyk işlerini kämilleşdirmäge gönükdirilendir. Gurama 1987-nji ýylda häzirki adyna eýe bolup, 2015-nji ýylda halkara gurama hökmünde ykrar edildi. Dünýäniň sosial-ykdysady ýagdaýynyň gowulanmagy, iri ykdysady bileleşikleriň, aýry döwletleriň, korporasiýalaryň, kompaniýalaryň bähbitleriniň gabat gelmegi forumyň iň esasy maksady bolup durýar. Häzirki wagtda dünýäniň dürli ýurtlarynyň müňden gowrak kompaniýalary we guramalary bu forumyň agzasy bolup durýar.