Goz­gal­ma­ýan em­läk we ma­ýa go­ýum­la­ry bo­ýun­ça ýö­ri­te­leş­di­ri­len ame­ri­kan kom­pa­ni­ýa­sy CBRE-niň hü­när­men­le­ri dün­ýä­niň iň uly şä­her­le­ri­niň goz­gal­ma­ýan em­lä­gi­niň or­ta­ça gym­ma­ty esa­syn­da bar­lag ge­çirip, «Glo­bal Living Re­port 2020» sa­na­wy­ny düz­dü­ler. Bar­la­gyň ne­ti­je­le­ri­ne gö­rä, hü­när­men­ler 2020-nji ýyl­da iň gym­mat goz­gal­ma­ýan em­läk ba­za­ry bo­lan şä­her­le­riň reý­tin­gi­ni düz­dü­ler. Bu ugur­da dün­ýä­niň il­kin­ji on­lu­gy­na gi­ren şä­he­rle­r:
1. Gon­kong. Şä­he­riň yk­dy­sa­dy­ýe­ti er­kin ba­za­ra we sal­gy­dyň pes­li­gi­ne esas­lan­ýar. Gon­kong da­şa­ry ýurt kom­pa­ni­ýa­la­ry­nyň wekillerine söw­da et­mek üçin aý­ra­tyn şert­le­ri bo­lan se­bit­dir. Bu şä­her­de goz­gal­ma­ýan em­lä­giň or­ta­ça ba­ha­sy 1,254,442 dol­lar.
2. Mýun­hen. Mýun­hen di­ňe bir Ger­ma­ni­ýa­da däl, eý­sem, tu­tuş Ýew­ro­pa­da uly se­na­gat we yk­dy­sa­dy mer­kez ha­sap­lan­ýar. Şu gün­ki Mýun­hen di­ňe bir me­de­ni gym­mat­lyk­la­ryň mer­ke­zi bol­man, eý­sem, se­na­gat we yl­my-bar­lag mer­ke­zi­dir. Bu ýer­de goz­gal­ma­ýan em­lä­giň or­ta­ça ba­ha­sy 1 mil­li­on dol­la­ra deň.
3. Sin­ga­pur. Goz­gal­ma­ýan em­lä­giň ba­ha­sy bo­ýun­ça Sin­ga­pur il­kin­ji üç şä­he­riň bi­ri­dir. Sin­ga­pur sal­gyt ba­bat­da dö­red­ýän ýe­ňil­lik­le­ri bilen ma­ýa­dar­la­ry özü­ne çek­ýär. Ol Azi­ýa­nyň esa­sy ma­li­ýe we yk­dy­sa­dy mer­ke­zi­dir. Ba­zar­da goz­gal­ma­ýan em­lä­giň or­ta­ça ba­ha­sy 915,601 dol­la­ra deň.
4. Şan­haý. Şan­haý Pe­kin­den we Gon­kong­dan öňde bolan Hy­ta­ýyň iň uly ma­li­ýe mer­ke­zi­dir, şeýle hem, Gün­do­gar Azi­ýa­da we dün­ýä­de öň­de­ba­ry­jy­lar­dan bi­ri­dir. Bu ýer­de goz­gal­ma­ýan em­lä­giň or­ta­ça ba­ha­sy 905,834 dol­lar.
5. Şenç­žen. Şenç­žen Hy­ta­ýyň iň çalt ös­ýän şä­her­le­rin­den bi­ri bo­lup, ýurt­da bäs­deş­lik ed­ýän dör­dün­ji şä­her­dir. Eks­por­tu­nyň muk­da­ry bo­ýun­ça Hy­ta­ýyň şä­her­le­ri­niň ara­syn­da Şenç­žen iň ulu­sy bo­lup, ma­ýa go­ýum­la­ry, tä­ze teh­no­lo­gi­ýa­la­ry we işe­wür­lik me­de­ni­ýe­ti­ni özü­ne çek­mek üçin der­we­ze bo­lup hyz­mat ed­ýär. Ba­zar­da­ky goz­gal­ma­ýan em­lä­giň or­ta­ça ba­ha­sy 783,855 dol­la­ra deň.
6. Pe­kin. Hy­ta­ýyň paý­tag­ty Pe­kin ýur­duň yk­dy­sa­dy, sy­ýa­sy we me­de­ni mer­ke­zi­dir. Ba­zar­da­ky goz­gal­ma­ýan em­lä­giň or­ta­ça ba­ha­sy 763,498 dol­la­ra deň.
7. Wan­ku­wer. Ýe­din­ji ýer­de Ka­na­da­nyň Wan­ku­we­r şä­he­ri ýer­leş­ýär. Wan­ku­wer ýur­duň iň uly se­na­gat mer­kez­le­rin­den bi­ri­dir. Şä­he­riň por­ty Ka­na­da­da iň uly we köp ugur­ly bo­lup, söw­da do­la­ny­şy­gy ýyl­da 75 mil­liard ka­na­da dol­la­ryn­dan geç­ýär. Ba­zar­da­ky goz­gal­ma­ýan em­lä­giň or­ta­ça ba­ha­sy 754,617 dol­la­ra deň.
8. Los-An­je­les. Los-An­je­les sanawda se­ki­zin­ji orun­da gel­ýär. Uly me­ga­po­lis mö­hüm yk­dy­sa­dy we sy­ýa­hat­çy­lyk mer­ke­zi­dir. Ba­zar­da­ky goz­gal­ma­ýan em­lä­giň or­ta­ça ba­ha­sy 717,583 dol­lar.
9. Pa­riž. Do­ku­zyn­jy ýe­ri Fran­si­ýa­nyň paý­tag­ty Pa­riž eýe­le­ýär. Bu şä­her ýur­duň esa­sy yk­dy­sa­dy, ma­li­ýe, me­de­ni we sy­ýa­hat­çy­lyk mer­ke­zi­dir. Ba­zar­da­ky goz­gal­ma­ýan em­lä­giň or­ta­ça ba­ha­sy 650,555 dol­lar.
10. Nýu-Ýork. Nýu-Ýork sa­naw­da il­kin­ji on­lu­ga gir­ýär. Bu şä­her dün­ýä de­re­je­sin­dä­ki ma­li­ýe we yk­dy­sa­dy mer­kez bo­lup, bu ýer­de köp san­ly ma­li­ýe mer­kez­le­ri we bank­la­ry jem­le­nen­dir. Ba­zar­da­ky goz­gal­ma­ýan em­lä­giň or­ta­ça ba­ha­sy 649,026 dol­lar.