Aýnanyň ýüzüne sähelçe tegmil degse mese-mälim bolup görnüp durýar, penjireler hem şeýle. Eýsem, aýnalary we penjireleri nähili arassalamaly?
Aýnany ýokardan aşaklygyna ýuwsaňyz, damjalar ozal arassalanan ýere düşmez. Aýna tämizleýji pürkülýän serişdeler hem-de ýörite esgiler siziň işiňizi has aňsatlaşdyrar. Arassaçylyk serişdesi hökmünde başga-da köp zatdan peýdalanmak bolar. Egin-eşikleri ýumşadyjy hem aýna ýuwmakda täsirli serişdeleriň biridir. Munuň üçin bu serişdäni deň mukdarda suwa goşup peýdalanyň!
Häzirki wagtda arassaçylyk üçin mikrosüýümli ýörite esgiler ulanylýar. Muňa garamazdan, gerekmejek ýuka kagyzlary hem ýuwlan aýnalary süpürmek üçin peýdalanyp bilersiňiz. Aýnanyň ýüzünde boýag serişdesi ýa-da başga bir gaty tegmil bar bolsa, ony gaty zat bilen aýyrjak bolmaň! Şeýle tegmilleri aýyrmak üçin kagyzy sirkä batyryp, şonuň bilen arassalaň! Ýuwlandan soňra kagyz bilen süpürilip guradylan aýna uzak wagtlap ýaldyrap durýar.
Aýna arassalaýjy serişdä biraz şampun goşup hem aýnalary ýuwup bilersiňiz. Bu serişde aýnaňyzy ýaldyradar. Eger şampuny köp goşsaňyz, köpürjiklerini aýyrmak kyn bolar.
Gün şöhlesi düşüp duran penjiräni arassalamak kyn bolýar. Sebäbi, şöhle düşüp durka aýnanyň ýüzündäki yzlary görüp bolmaýar. Aýna hernäçe süpürilse-de tegmil galýar.
Aýnanyň ýüzünde barmagyň yzynyň galmazlygy üçin gap-gaç ýuwmaga ýa-da bir gezek ulanmaga niýetlenen ellik geýip bilersiňiz. Penjireleriň ilki daşyny, soňra iç tarapyny arassalaň!
Aýna bulgurlaryň reňki wagtyň geçmegi bilen solýar. Olaryň täze ýaly bolmagy üçin belli bir wagt sirkeli suwda goýup, soňra durlamaly.
Arassaçylyk işleri geçirilende himiki serişdeleri gereginden artyk we talabalaýyk bolmadyk görnüşde ulanmagyň siziň saglygyňyz üçin zyýanly bolup biljekdigini unutmaň! Şol sebäpli ilki serişdeleriň daşyndaky ulanyjylar üçin gözükdirijini hökman okaň!