Ge­rek­li zat­lar: stol ten­ni­si­niň to­py, tur­bajyk, plast­ik çüý­şe.
Bu tej­ri­bä­ni ulu­la­ryň kö­me­gi bi­len et­me­li­di­gi­ni unut­maň! Se­bä­bi, ýi­ti es­bap­lar­dan we gu­ral­lar­dan öz­baş­dak peý­da­lan­mak si­ziň üçin howp­ly bo­lup bi­ler. Il­ki bi­len, 1 litr­lik plast­ik çüý­şä­ni ga­pa­gy­na ýa­kyn ýer­den te­kiz­jek edip ke­siň! Çüý­şä­niň ga­pa­gy­ny ba­şa­şak go­ýup, çü­ýüň ýa-da baş­ga bir za­dyň kö­me­gi bi­len de­şiň! De­şik tur­bajyk syg­jak ýa­ly ulu­lyk­da bol­ma­ly. Çüý­şä­niň ga­pa­gy­ny ýa­pyp, tur­bajygyň bir ta­ra­py­ny ga­pa­gyň de­şi­gin­den ge­çi­riň! Soň­ra ony ba­şa­şak tu­tup, içi­ne ten­nis to­pu­ny go­ýuň! Tur­bajygy üf­lä­ni­ňiz­de to­puň pyr­la­nyp ho­wa­da sak­lan­ýan­dy­gy­ny gö­rer­si­ňiz.
To­puň sa­ga-çe­pe git­män bel­li bir ara­lyk­da sak­lan­ma­gy­nyň se­bä­bi, to­puň da­şyn­da­ky ho­wa aky­my­nyň has güýç­li, or­ta­syn­da­ky aky­myň pes bol­ma­gy bi­len bag­ly­dyr. Ho­wa aky­my to­puň aşa­gyn­a ura­nyn­da, onuň tiz­li­gi pe­sel­ýär. Top ag­ra­my se­bäp­li aşak­ly­gy­na gaýd­ýar. Aşak­dan ýo­kar­ly­gy­na he­re­ket ed­ýän ho­wa aky­my bol­sa, to­puň aşa­gyn­da­ky te­kiz­li­ge de­gip, onuň da­şyn­da hal­ka gör­nüş­li aky­my eme­le ge­tir­ýär. Şeý­le­lik­de, top ho­wa aky­my­nyň or­ta­syn­da sak­lan­ýar.