5-nji sentýabrda paýtagtymyzdaky “Mekan” köşgünde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň “Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi” atly täze kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi. Bu kitap milli Liderimiziň ýurdumyzyň baş baýramynyň — Türkmenistanyň Garaşsyzlyk gününiň öň ýanynda halkymyza beren ajaýyp sowgady boldy. Dabara medeniýet we sungat ulgamynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ýolbaşçylary hem-de wekilleri gatnaşdylar.
Tanyşdyrylyş dabarasy başlanmazdan ozal, sergi guraldy, döwlet Baştutanymyzyň täze eseri onda esasy orun aldy. Şeýle hem döwlet Baştutanymyzyň ýurdumyzda we onuň çäklerinden daşarda hem uly meşhurlyga eýe bolan beýleki kitaplary, ylmy işleri, köp jiltli düýpli eserleri we Türkmenistan hem-de Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň beýik gazananlary barada gürrüň berýän beýleki neşirler görkezildi.
Tanyşdyrylyş dabarasynyň dowamynda bu ýere ýygnananlar türkmen halkynyň özboluşly däp-dessurlaryna, onuň örän baý we köptaraply medeniýetine hemişe üns berýändigi üçin hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa tüýs ýürekden hoşallyklaryny beýan etdiler.
Çykyşlarda täze kitabyň aýratyn möhüm ähmiýeti bellenildi. Türkmenleriň täze taryhy eýýamynda ruhy taýdan has-da belende göterilmegi üçin ygtybarly binýat bolup durýan beýik medeni mirasymyzy çuňňur öwrenmegiň, gorap saklamagyň hem-de giňden wagyz etmegiň zerurdygy baradaky oý-pikirler kitabyň içinden eriş-argaç bolup geçýär.
Halkymyzyň köp asyrlaryň dowamynda emele gelen parasatly pähimleriniň dürdänelerini özünde jemleýän nobatdaky eseriň “Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany” şygary astynda geçýän ýylda Türkmenistanyň Hormatly il ýaşulusy Arkadag Prezidentimiziň galamynyň astyndan çykmagy häzirki we geljekki nesilleriň ýörelgeleriniň hem-de ahlak sütünleriniň dowamatlylygyny alamatlandyrýar.
Dabara gatnaşyjylaryň nygtaýyşlary ýaly, many-mazmuny babatynda bahasyna ýetip bolmajak “Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi” kitaby hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň örän gymmatly halk döredijiligini we maddy däl gymmatlyklary yzygiderli ýagdaýda toplamak, içgin öwrenmek hem-de wagyz etmek boýunça alyp barýan tagallalarynyň we ylmy-çeperçilik işiniň juda ähmiýetlidigini ýene bir gezek tassyklaýar.
Täze kitap on iki bölümden ybarat bolup, onda durmuşyň gönezligi, zeminiň abatlygy, ebedi ýaşaýşyň ugurlary, ylym-bilimiň ähmiýeti, sagdyn-durmuş ýörelgeleri, zähmetsöýerlik, myhmansöýerlik, dost-doganlyk gatnaşyklary, agzybirlik, başlan işiňi abraý bilen tamamlamak ýaly düşünjeler barada giňişleýin gürrüň berilýär.
Dabaralaryň ahyrynda oňa gatnaşyjylar milli Liderimize hoşallygyň nyşany hökmünde Ýüzlenme kabul etdiler. Onda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa türkmen jemgyýetiniň ruhy-ahlak ýörelgeleriniň çuňňur öwrenilmegine, olaryň wagyz edilmegine aýratyn ähmiýet berýändigi hem-de ýurdumyzyň baş baýramy bolan mukaddes Garaşsyzlyk güni mynasybetli halkymyza eden döredijilik sowgady üçin çuňňur hoşallyk sözleri beýan edilýär.