9-njy sentýabrda hormatly Prezidentimiziň ak pata bermegi bilen Ahal, Balkan, Lebap we Mary welaýatlarynda pagta ýyygmyna girişildi. Toprak-howa şertlerine laýyklykda, pagta ýygymy Daşoguz welaýatynda 16-njy sentýabrda başlanar.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Kararyna laýyklykda, Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň “John Deere Walldorf GmbH & Co. KG” kompaniýasy bilen baglaşan şertnamasynyň çäklerinde geçen ýyl “John Deere 9970” kysymly kombaýnlaryň 300-si gelip gowuşdy. Pagta ýygymynyň başyna çenli bolsa, şeýle maşynlaryň ýene-de 300-si getirildi, olar Türkmenistanyň toprak-howa şertlerinde synagdan üstünlikli geçdiler. Döwlet Baştutanymyz 8-nji sentýabrda täze oba hojalyk tehnikalaryny gözden geçirip, degişli ýolbaşçylara pagta ýygym möwsümini guramaçylykly geçirmek, ýetişdirilen hasyly ýitgisiz ýygnamak üçin olaryň netijeli peýdalanylmagyna gözegçiligi üpjün etmegi tabşyrdy.
“John Deere 9970” kysymly kombaýn döwrebap tehnika bolup, ol ýokary amatlykly kabinasy, ulanyşda aňsatlygy, tygşytlylygy, ýokary öndürijiligi, şol sanda bunkeriniň uly göwrüminiň hasabyna öndürijiligi bilen tapawutlanýar. Ýeri gelende ýatlasak, 2017-2018-nji ýyllarda ýurdumyza şeýle kombaýnlaryň 400-si getirildi.
Şular bilen bir hatarda, ylmy seçgiçilige, gowaçanyň tiz ýetişýän, ýokary hasylly hem-de täze etraplaşdyrylan görnüşleriniň döredilmegine uly ähmiýet berilýär. Oba hojalygyny sanly ulgama geçirmek, takyk ekerançylyk ulgamlaryny, öňdebaryjy tehnologiýalary ornaşdyrmak, daýhan birleşikleriniň düşewüntliligini artdyrmak, kärende gatnaşyklaryny kämilleşdirmek maksady bilen anyk çäreler görülýär.
Hormatly Prezidentimiziň Kararyna laýyklykda, şu ýyl gowaça ekiljek ýerleriň umumy meýdany 620 müň gektara çenli giňeldildi. Bahar paslynda şunça ýere gowaçanyň “Ýolöten-7”, “Daşoguz-120”, “Daşoguz-144”, “Serdar”, “C-4727”, “Ýolöten-39”, “Jeýhun”, “C-2606”, “Ýolöten-14” orta we inçe süýümli görnüşleri ekildi.
Bu ekini ösdürip ýetişdirmäge hususy oba hojalyk önümlerini öndürijiler hem gatnaşýarlar. Olar oba hojalyk maksatly ýörite ýer gaznasyndan ýer böleklerini aldylar.
Umuman, ýurdumyz boýunça “ak altynyň” 1 million 250 müň tonnasyny taýýarlamak göz öňünde tutulýar. Şonuň 280 müň tonnasy Ahal welaýatynda, 10 müň tonnasy Balkan welaýatynda, 275 müň tonnasy Daşoguz welaýatynda, 320 müň tonnasy Lebap welaýatynda, 365 müň tonnasy bolsa Mary welaýatynda taýýarlanylar.
Ýygym möwsüminde “John Deerr 9970” pagta ýygyjy kombaýnlaryň 1 müňüsi we “MX-1.8” tirkegli pagta ýygyjy maşynlaryň 500-si, çig maly daşamak üçin ýük awtoulaglarynyň 2 müňüsi, traktorlaryň 2 müň 370-si we traktor tirkegleriniň 3 müň 714-si ulanylar.
Pagtany maşyn bilen ýygmaga girişilmezden öň, gowaçanyň ýapragyny düşürmek üçin defoliant zerur bolan mukdarda satyn alyndy. Hemişe bolşy ýaly, bu işde diňe bir ýöriteleşdirilen traktorlar däl, eýsem, raýat awiasiýasynyň ýörite uçarlary hem ulanylar.
Täze hasyly kabul etmek üçin harmanhanalaryň 157-si, pagta arassalaýjy kärhanalarynyň 39-sy taýýarlanyldy. Şolaryň ýanyndaky barlaghanalarda “Türkmenstandartlary” Baş döwlet gullugynyň hünärmenleri hasylyň önümiň hiliniň düýpli barlagyny üpjün ederler.
Pagta ýygymyna girişilmegi bilen harmanhanalara we pagta arassalaýjy zawodlara üsti “ak altyndan” doly, Döwlet baýdagymyz bilen bezelen awtoulaglaryň we tirkegli traktorlaryň ilkinji kerwenleri gelip başlady.