Meksikaly paleontologlar Mehika şäheriniň täze howa menziliniň gurulýan ýerinden 200 töweregi mamontyň galyndylaryny ýüze çykardylar. Meksikanyň milli antropologiýa we taryh institutynyň işgäri Fransisko Sançesiň pikirine görä, tapylan süňkleriň hemmesi diýen ýaly Ýer ýüzünde ir wagtlar ýaşap geçen pilleriň iň uly agzalarynyň biri bolan Kolumbyň mamontlaryna degişlidir. Olaryň agramy 10 tonna, boýy 4 metre barabardyr. Paleontologlar Kolumbyň mamontlarynyň takmynan, 1,5 million ýyl mundan ozal, Demirgazyk Amerika gelen günorta mamontlarynyň nesilleri bolandygyna ynanýarlar. Bu haýwanlar häzirki Amerikanyň günorta-günbatarynda we Meksikada ýaşap, takmynan, 11,5 müň ýyl mundan ozal ýok bolup gidipdirler. Häzir täze howa menziliniň peýda boljak ýerinde 30-dan gowrak arheolog işleýär. – Biz işiň gidişine päsgel bermeýäris diýip, aýdyp bilmeris, ýöne biz öz işimizi gurluşyga jogapkär adamlar bilen utgaşykly alyp barýarys – diýip, alym aýtdy. Häzirlikçe gurluşygyň gidýän giň meýdany işçilere we paleontologlara biri-birine päsgel bermezlige mümkinçilik berýär. Howa menziliniň gurluşyk işleri 2022-nji ýylda tamamlanar.