Formula 1 boýunça möwsümiň 9-njy bäsleşigi Italiýada geçirildi. Bu gezek Monzada däl-de, Toskanidäki “Mugello” trassasynda ilkinji sapar geçirilen ýaryş ýatdan çykmajak “Gran Prileriň” biri boldy. Kiçeňräk çaknyşyklar sebäpli birnäçe gezek togtadylan bäsleşikde Lýuwis Hamilton ilkinji bolup pellehanadan geçdi. “Mercedes” toparynyň britan sürüjisi ilkinji bolup başlan ýaryşynda 59 aýlawy 2 sagat 19 minut 35,060 sekuntda tamamlap, şu möwsümdäki 6-njy ýeňşini gazandy. Şol sanda bu onuň karýerasyndaky 90-njy ýeňiş hökmünde hasaba alyndy. Şeýlelikde, Hamilton rowaýaty sürüji Mihael Şumaheriň 91 ýeňişlik rekordyna ýene-de bir ädim golaýlady.

Hamiltondan 4,8 sekunt soň pellehana gelen topardaşy Waltteri Bottas (Finlýandiýa) 2-nji ýeri eýeledi. “Red Bull” toparynyň tailandly sürüjisi Aleksander Albon ýeňijiden 8 sekunt yza galyp, 3-nji orna mynasyp boldy. Ol ilkinji gezek münbere çykmagy başardy.

Bu ýaryş “Ferrari” toparynyň gatnaşan 1000-nji bäsleşigi bolup, italýan toparynyň sürüjileri – Şarl Lekler 8-nji, Sebastian Wettel 10-njy ýeri eýeledi. Ýaryşy 8 sürüjä tamamlamak başartmady. Maks Werstappen, Pierri Gasli, Antonio Jiowanazzi, Nikolas Latifi, Kewin Magnusson, Karlos Saýns, Lans Stroll kiçeňräk heläkçiliklerden soň, Esteban Okon bolsa, ulagynda dörän näsazlyk sebäpli bäsleşigi tamamlap bilmediler.

Formula 1-de geçirilen 9 ýaryşdan soň, Hamilton 190 utuk bilen 1-nji orunda barýar. Ol 2-nji ýerdäki Bottas bilen utuk aratapawudyny 65-e ýetirdi. 3-nji basgançakdaky Maks Werstappeniň 110 utugy bar. Möwsümiň 10-njy ýaryşy 27-nji sentýabrda Russiýada geçiriler.