Göni çykyşlaryň ýerine, öňünden
ýazylan wideo arkaly ýüzlenmeler
15-nji sentýabrda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 75-nji mejlisi resmi taýdan öz işine başlady. Şu ýyl dünýä liderleriniň köpüsi Nýu-Ýorka gelip bilmedi. Döwlet Baştutanlary BMG-niň baş edarasyndan bir hepdäniň dowamynda ýaýlyma beriljek wideo arkaly çykyşlaryny öňünden ýazga geçirdiler. Umumy syýasy gepleşikler 22-nji sentýabrda başlaýar. Maglumatlara görä, ABŞ-nyň Prezidenti Donald Trampyň hem-de BMG-niň Baş sekretary Antonio Guterreşiň Baş Assambleýanyň münberinden çykyş etmegine garaşylýar. Ýöne bu ýyl zalda köp sanly wekiliýetiň ýerine her ýurtdan diňe bir wekil bolar. Şeýle hem, bu gezek guramanyň ştab-kwartirasynda Baş Assambleýanyň çäginde guralýan syýasatçylaryň we diplomatlaryň ikitaraplaýyn duşuşyklarynyň bolmajakdygy habar berilýär.
BMG-niň 75 ýyllygy
Ikinji jahan urşy tamamlanandan soň, 1945-nji ýylda döredilen Birleşen Milletler Guramasy şu ýyl 75 ýyllygyny belleýär. Şu mynasybetli 21-nji sentýabrda, umumy syýasy gepleşikleriň başlamazyndan bir gün öň, ştab-kwartirada ýokary derejeli onlaýn ýygnak guralar. Onuň esasy mowzugy köptaraplaýyn gatnaşyklar bolar.
Durnukly ösüş maksatlarynyň
kabul edilmeginden bäri bäş ýyl
Durnukly ösüş maksatlary 17 sany umumadamzat maksadyndan ybarat bolup, oňa ýetmäge tagalla etmek dünýäni has-da abadanlaşdyrar. Olaryň arasynda garyplygy we açlygy ýok etmek, ýokary hilli bilime we saglygy goraýşa ählumumy elýeterliligi üpjün etmek, gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmelerine geçmek aýratyn orun eýeleýär. 2015-nji ýylda dünýäniň ýurtlary BMG-niň Baş Assambleýasynda 2030-njy ýyla çenli döwür üçin durnukly ösüş meýilnamasyny kabul etdi. Häzir ýoluň üçden bir bölegi geçildi. Bu döwürde üstünlik gazanmak başartdymy? Halkara jemgyýetçiligi ýakyn 10 ýylda öz maksatlaryna ýetip bilermi? Bu meseleler Baş Assambleýanyň maslahatynyň dowamynda giňden ara alnyp maslahatlaşylar.
Biologik dürlüligiň goralmagy
Ýer togalagynda 1 milliondan gowrak jandar we ösümlik ýok bolmak howpy bilen ýüzbe-ýüzdür. 2 milliard gektar ýer hasyllylygyny ýitirdi. Merjen rifiniň 50%-ine adam işjeňliginiň netijesinde, zeper ýetdi. Şu ýyl biodürlüligi goramak boýunça Hytaýyň Kunmin şäherinde halkara sammitini geçirmek meýilleşdirilýärdi. Emma dünýäde emele gelen çylşyrymly ýagdaýlar sebäpli bu maslahat 2021-nji ýylyň maýyna çenli yza süýşürildi. Indi bu ugur BMG-niň Baş Assambleýasynyň esasy mowzuklarynyň biri bolar.
Pekin jarnamasynyň 25 ýyllygy
Şu ýyl zenan hukuklary baradaky Pekin Jarnamasynyň we Hereket platformasynyň kabul edilenine 25 ýyl dolýar. Bular gender deňligi babatynda iň möhüm halkara resminamalarynyň biridir. BMG-de bellenip geçilişi ýaly, Jarnamanyň ýörelgelerine eýerip, deňligi gazanmak möhüm meseleleriň biridir. Şu günki günde dünýädäki döwlet işgärleriniň we ýolbaşçylarynyň 25%-iniň zenanlardygy bellenilýär. Çärýek asyr mundan ozal, Pekinde kabul edilen Jarnama bagyşlanan ýokary derejeli ýygnak 1-nji oktýabrda Baş Assambleýanyň çäginde geçiriler.
BMG-niň Baş Assambleýasy guramanyň esasy meseleleri ara alyp maslahatlaşýan edarasydyr. Oňa guramanyň ähli agza döwletleriniň wekilleri girip, hersiniň bir ses bermäge hukugy bar. Parahatçylyk we howpsuzlyk ýa-da täze agzalaryň kabul edilmegi ýaly möhüm meseleler boýunça kararlar sesleriň üçden iki bölegini talap edýär. Beýleki meseleler boýunça kararlar ýönekeý köplük tarapyndan kabul edilýär. Baş Assambleýa parahatçylyk we howpsuzlyk, ösüş, garyplygy we ýokanç keselleri ýok etmek, ýaragsyzlanmak, adam hukuklaryny üpjün etmek we daşky gurşawy goramak ýaly ugurlara jogapkär bolan ýeke-täk ählumumy guramadyr.
1946-njy ýylda Baş Assambleýanyň düzüminde 51 döwlet bolup, häzir olaryň sany 193-e ýetdi. Guramanyň döredilen ýyllary onuň gün tertibi esasan, käbir ýurtlara garaşsyzlyk bermek meselelerine gönükdirilipdi. Baş Assambleýa 75 ýyl bäri ara alnyp maslahatlaşylan meseleleriň gerimini ep-esli giňeltdi we häzirki wagtda sosial we ykdysady ösüş meselelerine, terrorçylyga, korrupsiýa, neşe gaçakçylygyna we AIDS-e garşy göreşmek, zenanlary, bosgunlary, migrantlary, maýyplary, ýerli halklary we çagalary goramak, demokratiýanyň esasy ýörelgeleri we howanyň üýtgemegine garşy göreş ýaly meselelere garaýar.