Güýz pas­ly­nyň gel­me­gi bi­len ho­wa sal­kyn­lap, as­man­da has köp bu­lut peý­da bo­lup baş­la­ýar. Bu­lut­lar dür­li ulu­lyk­da, şe­kil­de we reňk­de bol­ýar­lar. Ap-ak bu­lut­lar ýum­şa­jyk pa­my­gy ýa­dy­ňa sal­ýar. Şeý­le bo­lan­soň, ça­ga­la­ryň kö­pü­si bu­lu­da çyk­ma­gy ar­zuw ed­ýär­ler. Ýö­ne­keý ýa­ly bol­sa hem bu­lut­lar örän tä­sin te­bi­gy ha­dy­sa­nyň ne­ti­je­sin­de eme­le gel­ýär­ler. Ýer ýü­zü­niň dür­li ýer­le­rin­de şol ýe­riň te­bi­gy aý­ra­tyn­ly­gy­na, pas­la we ho­wa­nyň ýag­da­ýy­na bag­ly­lyk­da dür­li şe­kil­li bu­lut­lar eme­le gel­ýär. Bu­lut­lar at­mos­fe­ra­da to­zan bö­le­jik­le­ri­ne bu­zuň we su­wuň ýa­pyş­ma­gy ne­ti­je­sin­de eme­le gel­ýär. Su­wuň dy­kyz­ly­gy öz ag­ra­my­ny gö­te­rip bil­me­jek de­re­jä ýe­te­nin­de ho­wa­nyň ýy­ly­ly­gy­na gö­rä gar, ýa­gyş we yga­lyň beý­le­ki gör­nüş­le­ri hökmünde ýe­re düş­ýär­ler. Çöl­le­riň üs­tün­de, dag ge­riş­le­rin­de we um­man­lar­da peý­da bol­ýan bu­lu­dyň eme­le gel­me­gi üçin bu­guň ýer­den bel­li bir de­re­je­de ýo­ka­ry gal­ma­gy, so­wa­ma­gy we dy­kyz­laş­ma­gy ze­rur­dyr. Ine, şe­kil­le­ri­ne we ulu­lyk­la­ry­na gö­rä ta­pa­wut­lan­ýan bu­lu­dyň gör­nüş­le­ri:
Ýe­lek­pi­sint bu­lut­lar: bu­lu­dyň bu gör­nü­şi ýu­ka­jyk süýn­mek bo­lup, şeý­le bu­lut­la­ra has köp ga­bat ge­lin­ýär. Adat­ça, bu bu­lut­lar 6000 metr be­lent­lik­de, ow­nuk buz bö­le­jik­le­rin­den eme­le gel­ýär. Örän ýu­ka bo­lan­soň, onuň için­den Gü­nüň şöh­le­si dö­wül­mez­den di­ýen ýa­ly geç­ýär. Şe­ma­lyň ça­la­ja öwüs­me­gi bi­len bu bu­lut­lar pyt­rap ýok bol­ýar.
Top­bak bu­lut­lar: ak we çal reňk­li bol­ýan bu bu­lut­lar ki­çi ke­si­len ha­myr zu­wa­la­la­ry­na meň­ze­ýär. 2-6 km be­lent­lik­de eme­le gel­ýän bu bu­lut­la­ryň hem dür­li gör­nü­şi bol­ýar. Bu bu­lut­lar ýa­gy­nyň ýag­ma­gy­na se­bäp bol­ma­ýan hem bol­sa, ho­wa­nyň üýt­ge­me­gi­ne tä­sir ed­ýär.
Gat­lak­ly bu­lut­lar: da­şa­ry­nyň bir­ne­me ga­raň­ky bol­ma­gy­na se­bäp bol­ýan bu bu­lut­lar as­ma­ny tu­tuş­ly­gy­na di­ýen ýa­ly gap­la­ýar­lar. Çal ýa-da gö­güm­til reňk­li bol­ýan bu bu­lut­lar eme­le ge­len­den soň­ra ow­nuk dam­ja­ly ýa­gyş ýag­ýar. 2000-7000 metr be­lent­lik­de eme­le gel­ýän bu­lut­ly ho­wa­da Gü­nüň ýa-da Aýyň tö­we­re­gin­de älem­go­şar şe­kil­li hal­ka eme­le gel­ýän ha­la­ty hem bol­ýar.
Top­bak-ýa­gyş­ly bu­lut­lar: ýa­gy­nyň muk­da­ry­ny bu­lu­dyň dy­kyz­ly­gy we ga­lyň­ly­gy kes­git­le­ýär. Bu­lu­dyň bu gör­nü­şi ga­lyň bo­lup, ýyl­dy­ry­myň çak­ma­gy­na, ýag­şyň we do­ly­nyň (ki­çeň­räk gö­jek gör­nüş­li buz bo­lup ýe­re ýag­ýan ýa­gyn) ýag­ma­gy­na se­bäp bol­ýar. Buz bö­le­jik­le­rin­den eme­le ge­len­soň bel­li bir çä­gi bol­ma­dyk bu bu­lu­dyň aşa­ky çä­gi 4000 metr­den hem aşak­da bol­ýar. Ýo­kar­sy bol­sa, 10 müň metr­den ýo­ka­ry çyk­ýar.
Tor­ba­şe­kil­li bu­lut­lar: köp­lenç ABŞ-da we Awst­ra­li­ýa­da de­ňiz ke­nar­la­ryn­da peý­da bol­ýan hem bol­sa, dün­ýä­niň beý­le­ki ýer­le­rin­de hem seý­rek ýag­daý­da ga­bat gel­ýär. Bu­lu­dyň aşak ta­ra­py tor­ba meň­zeş bol­ýar. Bu bu­lut­lar örän owa­dan te­bi­gy gö­zel­li­gi eme­le ge­tir­ýär­ler.
As­man­da­ky çu­kur: bu­lut­la­ryň eme­le ge­tir­ýän tä­sin­li­gi bol­sa, as­man­da­ky çu­kur diý­lip at­lan­dy­ryl­ýar. Ýu­ka gat­lak­ly bu­lut­da te­ge­lek ýa-da süý­ri şe­kil­li açyk ýer, ha­ma­na bu­lut­lar ýo­ka­ry çyk­mak üçin goý­lan ga­py ýa­ly bo­lup dur­ýar. Bu ha­dy­sa buz bö­le­jik­le­ri­niň tö­we­re­gin­dä­ki su­wuň bu­gar­ma­gy ne­ti­je­sin­de eme­le gel­ýär.
Sa­dap­pi­sint bu­lut­lar: bu te­bi­gy gö­zel­li­gi gör­mek aň­sat däl. Se­bä­bi bu­lu­dyň bu gör­nü­şi Ýe­riň pol­ýus­la­ry­na ýa­kyn ýer­ler­de 15-25 km be­lent­lik­de peý­da bol­ýar.