Meňler käbir adamlarda dogabitdi bar bolsa, käbir kişilerde soň döreýär. Olar dürli reňkde bolup bilýärler. Dogabitdi meňler zyýansyz hem bolsa, bedende döreýän meňleri gözegçilikde saklamak zerurdyr. Şekili we reňki biri-birinden tapawutly bolan meňler saglygymyz bilen bagly näsazlyklaryň döremegine getirip biler.
Meňleriň aglaba bölegi zyýansyzdyr. Muňa garamazdan, meňleriň käbir görnüşleri «melanoma» atly deri keseline ýol açyp bilýär. Açyk reňkli derisi bolan, sary saçly, Günde çalt ýanýan adamlarda bu ýagdaý has ýygy gabat gelýär. Şol sebäpden deridäki meňleriň şekilinde we reňkinde üýtgeşme bolan halatynda deri lukmanyna ýüz tutmaly.
Esasan hem, deriniň daşyna çykyp duran meňler deriniň durnuksyz kämilleşmegi sebäpli döreýär. Şeýle meňler adatça, nesil yzarlaýar. Mysal üçin, ejesinde ýa-da kakasynda meň bar bolsa, çaganyň hem bedeniniň meňzeş ýerinde meň emele gelip biler.