21-nji sentýabrda Türkmenistanyň we Özbegistan Respublikasynyň daşary işler ministrleriniň derejesinde wideomaslahat görnüşinde ikitaraplaýyn syýasy geňeşmeler geçirildi.

Duşuşyga gatnaşyjylar türkmen-özbek hyzmatdaşlygynyň giň ugurlary boýunça pikir alşyp, iki döwletiň arasyndaky gatnaşyklaryň häzirki ýagdaýyny ara alyp maslahatlaşdylar, ony mundan beýläk-de ösdürmek boýunça birnäçe teklipleri öňe sürdüler.

Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda Türkmenistan bilen Özbegistanyň arasyndaky haryt dolanyşygy durnukly ösüş meýillerine eýedir. Diňe 2019-njy ýylyň görkezijileri boýunça onuň möçberleri takmynan 80 göterim ýokarlandy.

Geňeşmeleriň barşynda sebit meseleleriniň ara alnyp maslahatlaşylmagyna aýratyn üns berildi. Şunuň bilen baglylykda, türkmen tarapy Aral deňziniň hem-de Merkezi Aziýanyň suw-energetika meseleleriniň çözülmegine öz garaýyşlaryny ýene-de bir tassyklady.

Goňşy Owganystana ýardam bermek meselelerinde hyzmatdaşlyk ara alyp maslahatlaşylan aýratyn mesele boldy. Türkmenistan bilen Özbegistanyň Owganystan Yslam Respublikasyna parahatçylygyň we raýat ylalaşygynyň emele gelmegi boýunça halkara tagallalaryna işjeň gatnaşýandyklary hemmelere mälimdir.

Duşuşygyň ahyrynda ikitaraplaýyn syýasy geňeşmeleri yzygiderli esasda guramagyň zerurdygyna berk ynam bildirilip, hyzmatdaşlaryň netijeli guraly hökmünde olaryň möhümdigi bellenildi.