“Xiaomi” kompaniýasy emele gelen çylşyrymly ýagdaýlar sebäpli söwda nokatlaryna baryp bilmeýän müşderiler üçin kiçi ýük ulagynda telefon we beýleki mobil enjamlaryň satuwyny ýola goýdy. Kompaniýa hindistanly müşderiler üçin öz enjamlary goýlan kiçijik ýük ulagyny işläp düzdi. Häzirki wagtda synag maksady bilen geçirilýän bu işden gowy netije alnan ýagdaýynda onuň çygrynyň giňeldilmegine garaşylýar. Hytaý brendi dürli görnüşli mobil enjamlar bilen bir hatarda elektrik energiýasy bilen işleýän ýüzlerçe harydy öndürýär. “Xiaomi-niň hindistandaky ýokary derejeli ýolbaşçysy Manu Kumar Jain “Mi Store on Wheels” atly bu hyzmatyny ýurduň ähli ýerine ýaýratmagy maksat edinýändiklerini aýdýar.