Moto GP boýunça dünýä birinjiliginiň şu möwsümdäki 8-nji bäsleşigi Katalunýa “Gran Prisinde” “Petronas Yamaha” toparynyň fransuz sürüjisi Fabio Kuartararo ýeňiji boldy. Ol 24 aýlawy 40 minut 33,176 sekunt geçip, möwsümdäki 3-nji ýeňşini gazandy. Fransiýaly sürüji möwsümiň ilkinji 2 ýaryşynda-da münberiň iň ýokary basgançagyna çykypdy. “Suzuki Ecstar” toparynyň ispan sürüjileri – Žoan Mir bilen Aleks Rins 2-3-nji ýerleri eýelediler.
Geçirilen bu bäsleşikden soň, utugyny 108-e ýetiren Fabio Kuartararo sanawda täzeden 1-nji orna çykdy. Žoan Mir fransiýaly garşydaşyndan 8 utugy az bolup, ol 2-nji basgançakda barýar. “Monster Energy Yamaha” toparynyň ispaniýaly sürüjisi Mawerik Winýales 90 utuk bilen 3-nji ýeri eýeleýär. Möwsümiň indiki ýaryşy 11-nji oktýabrda Fransiýanyň Le Man şäherinde geçiriler.