30-njy sentýabrda hormatly Prezidentimiziň tabşyrygy boýunça türkmen wekiliýeti ähmiýetli resminamalaryň birnäçesine gol çekmek dabarasyna gatnaşdy. Bu resminamalar Türkmenistanyň we Owganystanyň arasynda bilelikdäki düzümleýin taslamalary, hususan-da, Türkmenistan – Owganystan – Pakistan – Hindistan (TOPH) gaz geçirijisiniň, Türkmenistan – Owganystan – Pakistan (TOP) elektroenergetiki we optiki-süýümli aragatnaşyk ulgamynyň, demir ýollaryň gurluşygyny mundan beýläk hem durmuşa geçirmäge gönükdirilendir.

Gol çe­ki­len res­mi­na­ma­la­ryň ha­ta­ryn­da «Türk­men­gaz» döw­let kon­ser­ni­niň, «TA­PI Pi­pe­li­ne Li­mi­ted» we «Af­gan Gaz En­terp­ri­se» eda­ra­sy­nyň ara­la­ryn­da Ow­ga­nys­tan Ys­lam Res­pub­li­ka­syn­da te­bi­gy gaz ba­za­ry­ny eme­le ge­tir­mek we ös­dür­mek ba­bat­da Öza­ra dü­şü­niş­mek ha­kyn­da Äht­na­ma; «Türk­me­na­ra­gat­na­şyk» agent­li­gi bi­len Ow­ga­nys­tan Ys­lam Res­pub­li­ka­sy­nyň Ara­gat­na­şyk we mag­lu­mat teh­no­lo­gi­ýa­la­ry mi­nistr­li­gi­niň ara­syn­da Ara­gat­na­şyk we mag­lu­mat­laş­dy­ryş ul­ga­my bo­ýun­ça hyz­mat­daş­lyk et­mek ba­ra­da Öza­ra dü­şü­niş­mek ha­kyn­da Äht­na­ma; «Türk­me­na­ra­gat­na­şyk» agent­li­gi­niň «Türk­men­te­le­kom» elekt­rik ara­gat­na­şyk kom­pa­ni­ýa­sy bi­len «Af­gan Wi­re­less» ara­gat­na­şyk kom­pa­ni­ýa­sy­nyň ara­syn­da Ymam­na­zar – Aki­na hem-de Ser­he­ta­bat – Tur­gun­dy hal­ka­ra op­ti­ki-sü­ýüm­li ara­gat­na­şyk ul­ga­my­ny gur­mak we üs­ta­şyr akym­la­ry ge­çir­mek ha­kyn­da­ky Şert­na­ma; Türk­me­nis­tan – Ow­ga­nys­tan – Pa­kis­tan elekt­rik ge­çi­ri­ji tas­la­ma­sy, Ow­ga­nys­tan­da elekt­rik ener­gi­ýa­sy­ny sa­tyn al­mak bo­ýun­ça yla­la­şy­gyň esa­sy şert­le­ri ba­ra­da­ky Yla­la­şyk bar.
Bu wa­ka hoş­ni­ýet­li goň­şu­çy­lyk we oňyn Bi­ta­rap­lyk sy­ýa­sa­ty­ny ama­la aşyr­mak bi­len, hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň äh­lu­mu­my pa­ra­hat­çy­ly­gy, howp­suz­ly­gy we dur­nuk­ly ösü­şi üp­jün et­mek bo­ýun­ça hal­ka­ra bi­le­le­şi­giň ta­gal­la­la­ry­na iş ýü­zün­de my­na­syp go­şan­dy­ny goş­ýan­dy­gy­ny äh­li aý­dyň­ly­gy bi­len tas­syk­la­dy.
* * *
Şeý­le hem şol gün DIM-de wi­deo­mas­la­hat gör­nü­şin­de Bir­le­şen Mil­let­ler Gu­ra­ma­sy­nyň Bi­lim, ylym we me­de­ni­ýet me­se­le­le­ri bo­ýun­ça guramasynyň (ÝU­NES­KO) Baş di­rek­to­ry ha­nym Od­ri Azu­laý bi­len du­şu­şyk ge­çi­ril­di.
Ta­rap­lar Türk­me­nis­tan bi­len ÝU­NES­KO-nyň ara­syn­da­ky hyz­mat­daş­ly­gyň ýo­ka­ry de­re­je­si­ni nyg­ta­dy­lar. Şu­nuň bi­len bag­ly­lyk­da, mil­li we dün­ýä gym­mat­lyk­la­ry­ny go­ra­ma­ga, me­de­ni-yn­san­per­wer gat­na­şyk­la­ryň esa­syn­da ýurt­la­ryň hem-de halk­la­ryň ara­syn­da­ky gat­na­şyk­la­ryň öňe iler­le­dil­me­gi­ne ýur­du­my­zyň yg­rar­ly­dy­gy bel­le­nil­di.

Od­ri Azu­laý ÝU­NES­KO bi­len hyz­mat­daş­ly­gy ne­ti­je­li ös­dür­mä­ge, ýurt­la­ryň we halk­la­ryň ara­syn­da­ky dost­luk­ly gat­na­şyk­la­ryň pug­ta­lan­dy­ryl­ma­gy­na goş­ýan uly şah­sy go­şan­dy üçin hor­mat­ly Prezidentimize ho­şal­lyk bil­dir­di. Bi­lim, ylym, mag­lu­mat ul­ga­my, suw se­riş­de­le­ri­ni do­lan­dyr­mak hyz­mat­daş­ly­gyň ile­ri tu­tul­ýan ugur­la­ry­nyň ha­ta­ryn­da kes­git­le­nil­di. Şu­nuň bi­len bag­ly­lyk­da, ha­nym Azu­laý bi­ler­men­le­riň du­şu­şyk­la­ry­ny gu­ra­ma­gyň, ta­rap­la­ryň uzak ara­lyk­dan okuw geç­mä­ge de­giş­li tas­la­ma­la­ra gat­naş­ma­gy­nyň wa­jyp­dy­gy­ny nyg­ta­dy.
Türk­men ta­ra­py­nyň we­kil­le­ri iki­ta­rap­la­ýyn hyz­mat­daş­ly­gyň ne­ti­je­li hä­si­ýe­ti­ni bel­läp, ÝU­NES­KO-nyň bir­nä­çe dü­züm­le­ri­ne Türk­me­nis­ta­ny da­laş­gär­li­ge hö­dür­le­mek mak­sa­dy­ny be­ýan et­di­ler.
Du­şu­şy­gyň do­wa­myn­da bel­le­ni­li­şi ýa­ly, hal­ky­my­zyň mad­dy däl me­de­ni-ta­ry­hy mi­ra­sy­ny go­rap sak­la­mak ul­ga­my hyz­mat­daş­ly­gyň gel­je­gi uly ugur­la­ry­nyň bi­ri­dir. ÝU­NES­KO-nyň mad­dy däl me­de­ni mi­ra­sy­nyň sa­na­wy­na ozal Türk­me­nis­ta­nyň mö­hüm me­de­ni gym­mat­lyk­la­ry­nyň gi­ri­zi­len­di­gi­ni bel­le­mek ge­rek. Şu­nuň bi­len bag­ly­lyk­da, ta­rap­lar at­la­ryň ahal­te­ke to­hu­my­ny hem-de it­le­riň iň ga­dy­my gör­nüş­le­ri­niň bi­ri bo­lan ala­baý­la­ry go­rap sak­la­ma­gyň äh­mi­ýe­ti­ni nyg­ta­dy­lar. Şo­la­ryň wa­gyz edil­me­gi dün­ýä de­re­je­sin­dä­ki me­de­ni mi­ra­sy go­rap sak­la­mak nuk­daý­na­za­ryn­dan mö­hüm­dir.
Şeý­le hem türk­men ta­ra­py­nyň we­kil­le­ri ÝUNESKO-nyň dö­re­di­ji­lik şä­her­le­ri­niň ul­ga­my­na go­şul­ma­ga gy­zyk­lan­ma bil­dir­ýän­di­gi­ni be­ýan et­di­ler. Bu bol­sa me­de­ni­ýe­ta­ra gat­na­şyk­la­ry­ny has-da pug­ta­lan­dyr­ma­ga ýar­dam et­mä­ge gö­nük­di­ri­len­dir.