Milli Garaşsyzlygymyzyň şanly 25 ýyllygynyň baýram ediljek günleriniň golaýlamagy bilen ýurdumyzyň durmuşynda taryhy wakalar has-da köpelýär. Ýurdumyzyň senenamasyna altyn harplar bilen ýazyljak şeýle wakalar Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň gujagynda asuda, parahat, bagtly durmuşyň hözirini görüp ýaşaýan raýatlarymyzyň kalbynda mähriban Watanymyza, ajaýyp döwrümize, bagtyýar durmuşy bagyş edýän eziz Arkadagymyza bolan egsilmez söýgini artdyrýar.
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň 8-nji sentýabrda geçirilen nobatdaky mejlisinde hormatly Prezidentimiziň täze kitabyny – “Parahatçylyk sazy, dostluk, doganlyk sazy” atly eserini ýazyp gutarandygyny habar bermegi bagtyýar halkymyzyň kalp öýüni egsilmez şatlyga besledi. Milli Liderimiziň her bir eseri – täzelik, söz sungatynyň täze bir öwüşgini, bahasyna ýetip bolmajak edebi, ruhy gymmatlyk. Mähriban Arkadagymyz haýsy tema ýüzlense-de, ylahy zehininiň gudraty bilen ony köňül öýüniň nuruna besläp, täzeçe beýan etmegiň nusgasyny görkezýär.
Mähriban Arkadagymyz “Parahatçylyk sazy, dostluk, doganlyk sazy” atly täze eserini dünýä medeniýetinde yz goýan, türkmen halkynyň aýdym-saz sungatynyň beýik ussatlarynyň biri, meşhur sazanda Şükür bagşynyň durmuşyna we döredijiligine bagyşlapdyr. Munuň özi, ilkinji nobatda, eziz Arkadagymyzyň türkmen aýdym-saz sungatyna, ony nusgalyk derejä ýetmeginde bütin ömrüni bagyş eden ussatlara çäksiz uly sarpa goýýandygyny görkezýär. Mähriban Arkadagymyz halkyň höwesini, islegini, haýsy temanyň kalp öýünde mäkäm ýer etjekdigini welilik bilen duýmagy başarýar.
Hawa, beýik halypa, türkmen aýdym-saz sungatynyň taryhynda öçmejek yz galdyran Şükür bagşynyň şirin sazlary, parahat söýüjilikden gözbaş alýan ömür ýoly, ebedi heýkele öwrülen nurana keşbi alnymyzda hemişe janlanyp dur.
Şükür bagşy 1831-nji ýylda dünýä inipdir. Bagşynyň atasy Dowada aga Gökdepe etrabynyň Hurmantgökje obasynda ýaşapdyr. Şüküriň atasy daýhançylyk bilen meşgul bolupdyr. Dowada aganyň üç ogly bolýar. Ulusy Hojamämmet daýhançylyk bilen iş salşypdyr. Ortanjy ogly Hojamberdi yzçy bolupdyr. Kiçi ogly Şükür sazanda bolup ýetişipdir. Şükür bagşynyñ saz öwrenmekde ilkinji mugallymy Aly bagşydyr. Il-halkyň hormatyny gazanan Aly bagşy Şükür sazandanyñ kämillige ýetişmeginde köp tagallalar edipdir. Şükür bagşy öz döwrüniň ussat halypasy Garadäli gökleňden hem aýdym-saz sungatynyň inçe syrlaryny öwrenipdir. Garadäli halypa Şükür bagşynyň saza höweslidigini, geljeginiň uludygyny göz öňünde tutup, oňa bir gün kümüş çaýylan dutar ýasap beripdir. Şükür bagşy ussadynyň beren bu dutaryny hemişelik hemrasyna öwrüpdir. Beýik ussatdan pata alan Şükür bagşy Gökdepe, Mary, Hywa etraplarynda saz çalyp, halkyň köňül öýüni nurlandyrypdyr. Şükür bagşynyň “Salmadan böken”, “Söýli halan”, “Ybraýym Şadilli”, “Şordan tapyldy”, “Gelin ýörişi” ýaly ajaýyp sazlary adamlaryň kalbyna ýol salypdyr. Ussat sazanda ömrüniň soňky ýyllaryny Kaka etrabynyň Duşak obasynda geçiripdir.
Şükür bagşy bütin ömrüne il-günüň parahat durmuşda asuda ýaşamagyny isläpdir. Onuň Eýran hanynyň bagşysy bilen ýaryşyp, parahatçylykly ýol bilen agasyny halas edişi hem muny doly tassyk edýär. Ol waka dilden-dile geçip, biziň günlerimize ýetdi.
Şükür bagşynyň sungaty köpleri gyzyklandyrypdyr. Meşhur edebiýatçylar, saz sungatyny öwrenijiler Şükür bagşynyň saz mirasyny toplamagy we ile ýetirmegi maksat edinipdirler. Türkmen sazyny öwreniji rus alymy Wiktor Uspenskiý 1926-njy ýylda Şükür bagşy bilen ýörite duşuşýar we söhbetdeş bolýar. Şonda ol 94 ýaşly Şükür bagşynyň sazyny diňleýär. Çalan sazlarynyň birnäçesini ýazyp alýar. Meşhur sazandany surata düşürýär.
Şükür bagşynyň ady ýazyjylardyr kino eserlerini döredijileriň ylhamyny joşdurypdyr. Meşhur ýazyjy Nurmyrat Saryhanow onuň döredijiligi hakynda söhbet açýan “Şükür bagşy” powestini ýazýar. Bu powest giň okyjylar köpçüliginiň gyzgyn söýgüsini gazanýar.
Eziz Arkadagymyzyň “Parahatçylyk sazy, dostluk, doganlyk sazy” atly eserinde Şükür bagşynyň durmuşy we döredijiligi Garaşsyz, Bitarap döwletimiziň alyp barýan parahatçylyk söýüjilikli, hoşniýetli goňşuçylyk syýasaty bilen özara utgaşdyrylyp beýan edilýär. Hormatly Prezidentimiz ady agzalan mejlisde meşhur sazandanyň türkmen halkynyň iň kyn we çylşyrymly meseleleri hemişe diňe parahatçylyk ýoly bilen çözmege çalşandygyny bellemek bilen, beýik halypanyň ýagty keşbini döretmekde tanymal ýazyjy Nurmyrat Saryhanowyň türkmen edebiýatynyň ösmegi üçin bitiren nusgalyk hyzmatlaryna ýokary baha berýär.
Milli Liderimiziň köňül yhlasy bilen dörän “Parahatçylyk sazy, dostluk, doganlyk sazy” atly eseri häzirki zaman edebiýatymyzyň ösüşine mynasyp goşantdyr.
Goý, mähriban Arkadagymyz şeýle ajaýyp eserleri bilen bagtyýar okyjylarymyzy hemişe begendirip dursun!
Ýazgül AKYÝEWA,
Türkmen döwlet maliýe
institutynyň mugallymy.