Ber­ka­rar döw­le­ti­miz hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň pa­ra­sat­ly sy­ýa­sa­ty ne­ti­je­sin­de, dün­ýä döw­let­le­ri bi­len deň­hu­kuk­ly gat­na­şyk­la­ry ös­dür­mek, döw­le­ta­ra yla­la­şyk­la­ry­ny has-da iş­jeň hä­si­ýe­te eýe et­mek üçin uly ta­gal­la ed­ýär. Şo­nuň ne­ti­je­sin­de hä­zir­ki wagt­da Türk­me­nis­tan dün­ýä döw­let­le­ri­niň 140-sy bi­len dip­lo­ma­tik gat­na­şyk­la­ry ýo­la goý­dy. Da­şa­ry ýurt­lar­da Türk­me­nis­ta­nyň dip­lo­ma­tik we­kil­ha­na­la­ry­nyň we kon­sul­lyk eda­ra­la­ry­nyň 38-si mil­li Li­de­ri­mi­ziň adyl hem pa­ra­sat­ly da­şa­ry sy­ýa­sa­ty­ny dün­ýä ýaý­rad­ýar. Türk­me­nis­tan hal­ka­ra kon­wen­si­ýa­la­rynyň we şert­na­ma­la­ry­nyň 136-sy­nyň gat­na­şy­jy­sy bo­lup dur­ýar.
Äh­lu­mu­my pa­ra­hat­çy­ly­gy we howp­suz­ly­gy üp­jün et­mä­ge ön­jeý­li go­şant goş­mak, BMG-niň ösüş mak­sat­na­ma­sy­ny ama­la aşyr­mak, Azi­ýa se­bi­tin­de, beý­le­ki yk­lym­lar­da goň­şu­çy­lyk gat­na­şyk­la­ry­ny, iş­jeň hyz­mat­daş­ly­gy ber­kit­mek, da­wa­la­ry we jen­jel­le­ri pa­ra­hat­çy­lyk­ly, sy­ýa­sy ýol­lar ar­ka­ly çöz­mek, ener­gi­ýa howp­suz­ly­gy­ny üp­jün et­mek ata Wa­ta­ny­my­zyň da­şa­ry sy­ýa­sa­ty­nyň ile­ri tu­tul­ýan ugur­la­ry­dyr.
Mil­li Li­de­ri­mi­ziň ýa­kyn­da Ger­ma­ni­ýa bo­lan sa­pa­ryn­da we onuň ne­ti­je­le­ri esa­syn­da ga­za­ny­lan yla­la­şyk­lar­da hem bu ugur­lar üýt­gew­siz esas bo­lup, hyz­mat et­di.
Bil­şi­miz ýa­ly, Türk­me­nis­tan bi­len Ger­ma­ni­ýa Fe­de­ra­tiw Res­pub­li­ka­sy­nyň ara­syn­da dip­lo­ma­tik gat­na­şyk­lar 1992-nji ýy­lyň mart aýyn­da ýo­la go­ýul­dy. Şon­dan bä­ri ge­çen dö­wür­de iki­ta­rap­la­ýyn we köp­ta­rap­la­ýyn esas­da, ab­raý­ly hal­ka­ra gu­ra­ma­la­ry­nyň hem-de dü­züm­le­riniň, şol san­da BMG-niň, ÝHHG-niň, şeý­le hem Ýew­ro­pa Bi­le­le­şi­gi­niň çäk­le­rin­de ös­dü­ril­ýän köp­ta­rap­ly hyz­mat­daş­lyk üçin yg­ty­bar­ly hu­kuk bin­ýa­dy go­ýul­dy.
Meş­hur ne­mes şe­re­ket­le­ri­niň köp san­ly­sy­nyň ýur­du­myz­da öz şa­ham­ça­la­ry­ny, we­kil­ha­na­la­ry­ny aç­ma­gy Ger­ma­ni­ýa­nyň işe­wür­le­ri­niň ma­ýa goý­ma­ga äh­li ke­pil­lik­ler hem şert­ler dö­re­di­len we gel­je­gi uly bo­lan türk­men ba­za­ryn­da öz orun­la­ry­ny pug­ta­lan­dyr­ma­ga bo­lan is­leg­le­ri­niň ne­neň­si ulu­dy­gy­ny gör­kez­ýär.
Türk­me­nis­ta­nyň se­na­gat, elekt­roe­ner­ge­ti­ka, ara­gat­na­şyk, oba ho­ja­lyk we beý­le­ki pu­dak­la­ry­ny türk­men-ger­man hyz­mat­daş­ly­gy­nyň ge­le­je­gi uly bo­lan ugur­la­ry hök­mün­de gör­kez­mek bo­lar. Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň sa­pa­ryň çäk­le­rin­de ne­mes işe­wür­le­ri bi­len ge­çi­ren du­şu­şyk­la­ry, şeý­le hem no­bat­da­ky bi­le­lik­dä­ki işe­wür mas­la­hat baş­lan­gy­jy­ny Ga­raş­syz­ly­gy­my­zyň il­kin­ji ýyl­la­ryn­dan alyp gaýd­ýan söw­da-yk­dy­sa­dy, me­de­ni gat­na­şyk­la­ryň ös­dü­ril­me­gi­ne tä­ze­den ba­dal­ga be­rer. Bu bol­sa, dos­ta­na gat­na­şyk­la­ryň tä­ze sep­git­le­re ýe­ti­ril­me­gin­de, dür­li ugur­lar bo­ýun­ça uly möç­ber­li ma­ýa go­ýum tas­la­ma­la­ry­ny ama­la aşyr­mak­da oňaý­ly müm­kin­çi­lik­ler dö­re­der.
Orta mek­dep­ler­de we ýur­du­my­zyň ýo­ka­ry okuw mekdeplerinde ne­mes di­li­ni öw­ren­mek­de top­la­nan tej­ri­bä da­ýa­ny­lyp, ama­la aşy­ryl­ýan gat­na­şyk­lar türk­men-ger­man hyz­mat­daş­ly­gy­nyň mö­hüm ug­ry bo­lup dur­ýar. Ger­ma­ni­ýa­nyň dün­ýä bel­li şe­re­ket­le­ri­niň bir­nä­çe­si ýur­du­myz­da gu­rul­ýan has­sa­ha­na­la­ry, sag­lyk öý­le­ri­ni yl­myň iň soň­ky ga­za­nan luk­man­çy­lyk en­jam­la­ry bi­len üp­jün et­mek­de ynam­dar hyz­mat­daş­dyr.
Ýur­du­my­zyň eko­lo­gi­ýa pu­da­gy hem hal­ka­ra hyz­mat­daş­ly­gyn­da esa­sy orun­la­ryň bi­ri­ni eýe­le­ýär. Ber­ka­rar döw­le­ti­miz bu ugur­da äh­lu­mu­my hyz­mat­daş­lyk ba­ba­tyn­da iş­jeň orun eýe­le­ýär we ab­raý­ly hal­ka­ra gu­ra­ma­la­ry bi­len hyz­mat­daş­lyk et­mä­ge aý­ra­tyn äh­mi­ýet ber­ýär. Türk­me­nis­ta­nyň BMG-niň Baş As­samb­le­ýa­sy­nyň, Rio-de-Ža­neý­ro (Bra­zi­li­ýa) şä­he­rin­de ge­çi­ri­len “Rio+20” Bü­tin­dün­ýä sam­mi­tin­de, BMG-niň baş­lan­gy­jy bi­len Ýa­po­ni­ýa­nyň Sen­daý şä­he­rin­de te­bi­gy bet­bagt­çy­lyk­la­ryň tö­wek­gel­çi­lik­le­ri­ni azalt­mak bo­ýun­ça ge­çi­ri­len III Bü­tin­dün­ýä mas­la­ha­ty we Ko­re­ýa­nyň Te­gu şä­he­rin­de ge­çi­ri­len VII Bü­tin­dün­ýä suw fo­ru­my ýa­ly iri hal­ka­ra fo­rum­lar­da öňe sür­len baş­lan­gyç­la­ryň aw­to­ry­dy­gy hem bu aý­dy­lan­la­ra aý­dyň şa­ýat­lyk ed­ýär.
Bu aý­dy­lan­lar mil­li Li­de­ri­mi­ziň baş­da dur­ma­gyn­da ber­ka­rar Türk­me­nis­tan döw­le­ti­mi­ziň se­bit we dün­ýä ösü­şi­niň wa­jyp me­se­le­le­ri­niň saz­la­şyk­ly çöz­güt­le­ri­ni iş­läp taý­ýar­la­mak­da iş­jeň or­ny eýe­le­ýän­di­gi­ni aý­dyň gör­kez­ýär.

Gül­se­re Ku­şa­ýe­wa,
Türk­men döw­let bi­na­gär­lik-
gur­lu­şyk ins­ti­tu­ty­nyň mu­gal­ly­my.