Bir­le­şen Arap Emir­lik­le­ri (BAE) Aýy öw­ren­mek bo­ýun­ça mak­sat­na­ma­ny ýo­la goý­dy. Şo­nuň ne­ti­je­sin­de, 2024-nji ýyl­da Ýe­riň eme­li hem­ra­syn­da 4 ti­gir­li lu­no­hod en­ja­my­ny otur­dyp, Aýda yl­my-bar­lag iş­le­ri­ni ge­çir­me­gi mak­sat edin­ýär. BAE bu mak­sat­na­ma­syn­da üs­tün­lik ga­za­nan ha­la­tyn­da dün­ýä­de bu ugur­da iş alyp bar­ýan esa­sy 4 ýur­duň bi­ri bo­lar. Bu ba­ra­da ýur­duň Prem­ýer-mi­nist­ri Mo­ham­med bin Ra­şid Al Mak­tum bel­läp geç­di.
Hä­zir­ki wagt­da Bir­le­şen Arap Emir­lik­le­ri­niň Mu­ham­met bin Ra­şid adyn­da­ky kos­mos mer­ke­zi­niň ýol­baş­çy­ly­gyn­da­ky kos­mos mak­sat­na­ma­sy iş­jeň ös­dü­ril­ýär. 2009-njy ýyl­da il­kin­ji «Du­bai­Sat-1» eme­li hem­rasy kos­mo­sa uçu­ryl­dy, 2013-nji ýyl­da bolsa, şu­ňa meň­zeş ikin­ji en­jam uçu­ryl­dy. BAE-niň il­kin­ji kos­mo­naw­ty 2018-nji ýyl­da «So­ýuz MS-15» kos­mos gä­mi­si bi­len Hal­ka­ra Kos­mos Be­ke­di­ne ba­ryp, şol ýer­de bir hep­de gal­dy.
2019-njy ýyl­da BAE-niň hö­kü­me­ti 2030-njy ýy­la çen­li kos­mos mak­sat­na­ma­sy­ny ös­dür­mek ba­ra­da­ky me­ýil­na­ma­sy­ny tas­syk­la­dy. Şol mak­sat­na­ma­dan ge­lip çyk­ýan we­zi­pe­le­ri ýe­ri­ne ýe­tir­mek mak­sa­dy bi­len 2020-nji ýy­lyň iýul aýyn­da Mars pla­ne­ta­sy­nyň at­mos­fe­ra­sy­ny öw­ren­jek Mar­sa «Umyt» at­ly kos­mos zon­du­ny uçur­dy. Mun­dan baş­ga-da, Hal­ka­ra kos­mos be­ke­din­de uzak wagt­lap gal­jak kos­mo­nawt­lar taý­ýar­lan­ýar.
BAE-niň Aýa iber­jek kos­mos en­ja­mynyň agramy 10 ki­lo­gram bo­lup, Gün pa­ne­li bi­len en­jam­laş­dy­ry­lan­dyr. Lu­no­hod Du­ba­ýyň bi­rin­ji Emi­ri Ra­şid II-niň hor­ma­ty­na «Ra­şid» ady­ny gö­te­rer.

Je­mal AMI­NO­WA,
S. A. Ny­ýa­zow adyn­da­ky Türk­men oba
ho­ja­lyk uni­wer­si­te­ti­niň ta­ly­by.