«Türkmenistan – Bitaraplygyň mekany» ýylynyň şanly wakalarynyň biri hem mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 29 ýyllyk şanly baýramçylygydyr. Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzy ösdürmek babatdaky döwlet ähmiýetli maksatnamalarynyň üstünlikli durmuşa geçirilmeginiň netijesinde, ýurdumyzyň ykdysadyýeti sazlaşykly ösüşe eýe bolýar.
Ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň okgunly ösmeginde halk hojalygynyň ähli pudaklarynyň sazlaşykly ösüşiniň paýy uludyr. Mälim bolşy ýaly, golaýda hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda sanly wideoaragatnaşyk arkaly Halk Maslahatynyň taryhy mejlisi geçirildi. Şol mejlisde milli Liderimiz özüniň maksatnamalaýyn taryhy çykyşynda ýurdumyzyň Garaşsyzlyk ýyllarynda gazanan üstünliklerini giň jemgyýetçiligine beýan etdi. Gahryman Arkadagymyzyň belläp geçişi ýaly, ýurdumyzda tebigy baýlyklarymyzy hem-de Diýarymyzyň giň mümkinçiliklerini netijeli ulanyp, ösen ulag-logistika düzümli, ýokary öndürijilikli täze pudaklar hem-de senagat önümçilikleri döredilýär. Hemişelik Bitarap ýurdumyz dünýäniň 149 döwleti bilen diplomatik gatnaşyklary ýola goýdy. Türkmenistan halkara guramalarynyň 50-ä golaýynyň agzasy bolmak bilen bir hatarda halkara konwensiýalaryň, şertnamalardyr beýleki köptaraplaýyn resminamalaryň hem 150-den gowragyna gatnaşýar. Bu hem syýasy gatnaşyklar bilen bir hatarda söwda-ykdysady gatnaşyklaryň hem giňeldilýändiginiň aýdyň subutnamasydyr.
Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda amala aşyrylýan giň gerimli şähergurluşyk hem-de özgertmeler maksatnamalaryna laýyklykda, ýurdumyzda umumy bahasy 37 milliard amerikan dollaryndan hem köp bolan 2,5 müňe golaý iri desganyň gurluşygynyň alnyp barylmagy Diýarymyzyň senagat taýdan hem kuwwatly ýurda öwrülýändiginiň özboluşly subutnamasydyr. Milli Liderimiziň öňdengörüjilikli ykdysady strategiýasynyň esasynda düzülen «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019 – 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna» laýyklykda, şäher we oba ýerlerini ösdürmek, ýurdy senagatlaşdyrmak, ulag-logistika düzümlerini döretmek boýunça ägirt uly işler durmuşa geçirilýär.
Mälim bolşy ýaly, hormatly Prezidentimiziň başlyklyk etmeginde şu ýylyň 18-nji sentýabrynda geçirilen Ministrler Kabinetiniň sanly wideoaragatnaşyk arkaly mejlisinde hem berlen hasabatlarda, 2020-nji we 2021-nji ýyllarda ýurdumyzyň durmuş-ykdysady ösüşiniň çaklamasyndan hem görnüşi ýaly, 2020-nji ýylda jemi içerki önümiň 5,8 göterim artyp, şunda umumy jemde senagat pudagynyň paýynyň 27,1 göterim, oba hojalygynyň 11,4 göterim, gurluşyk pudagynyň 8,6 göterim, ulag we aragatnaşyk ulgamynyň 11 göterim, söwdanyň 19,3 göterim we hyzmatlar ulgamynyň paýynyň 22,6 göterim möçbere deň bolmagyna garaşylýar. By ykdysady görkezijiler ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň senagat pudagynyň sazlaşykly ösdürilmegi ata Watanymyzy agrar ýurt bolmakdan çykaryp, senagat taýdan ösen ýurtlaryň hataryna ynamly goşulýandygyny görkezýär. Ýurdumyzda senagat maksatly desgalaryň gurluşygyna giň gerim berilýär. Golaýda bu babatda hem täze senagat önümçilik desgasynyň gurluşygyna badalga berildi. Balkan welaýatynyň Balkanabat şäheriniň Jebel şäherçesinde bazalt inçe süýüminden, mineral pamykdan ses we ýylylyk saklaýjy materiallary öndürýän kärhanany gurmak meýilleşdirilýär. Täze kärhana Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzyň ykdysady kuwwatyny has-da berkitmek, täze gurluşyk serişdeleriniň görnüşini köpeltmek babatda edilýän giň gerimli işlere esas bolup durýar.
Hormatly Prezidentimiziň başlangyjy bilen işlenip taýýarlanylan giň gerimli şähergurluşyk maksatnamasynyň üstünlikli durmuşa geçirilmeginiň netijesinde ak şäherimiz Aşgabat tanalmaz derejede özgerdi. Paýtagtymyzyň ähli künjeklerinde dürli maksatly desgalary öz içine alýan döwrebap binalar peýda boldy. Ýurdumyzyň baş şäherinde döwlet Baştutanymyzyň taýsyz tagallalary bilen gurlan desgalaryň köpüsi özboluşlylygy we täsinligi bilen tapawutlanýar. Şol binalaryň ençemesi, şeýle-de, Aşgabadyň özi hem ak mermerli binalaryň bir ýere köp jemlenen şäheri hökmünde Ginnesiň Bütindünýä rekordlar kitabyna girizildi. Paýtagtymyzda beýleki ulgamlar bilen birlikde, ýol-ulag düzümini ösdürmäge hem aýratyn üns berilýär. Milli Liderimiziň başlangyjy bilen Aşgabat şäherinde halkara ölçeglerine laýyk gelýän döwrebap ýol-ulag düzümi kemala getirildi. Paýtagtymyzda ähli inženerçilik-kommunikasiýa ulgamlary bilen üpjün edilen häzirki zaman şaýollary, ajaýyp ýollar, olaryň ugrunda döwrebap köprüler we ýerasty geçelgeler guruldy.
Umuman, ýurdumyzda amala aşyrylýan beýik işler watandaşlarymyzy has-da buýsandyryp, olary täze zähmet üstünliklerine atarýar. Bu buýsandyryjy ösüşler Gahryman Arkadagymyzyň parasatly syýasatynyň netijesidir. Gysga döwrüň içinde ýurdumyzyň ykdysadyýetiň ähli ugurlarynda ösüş-özgerişlere, belentden belent sepgitlere eýe bolmagy hem milli Liderimiziň parasatly ykdysady strategiýasynyň üstünliklerinden nyşandyr.
Gurbanmyrat DÖWLETOW,
S. A. Nyýazow adyndaky Türkmen oba
hojalyk uniwersitetiniň mugallymy.