28-nji sent­ýabr­da dün­ýä­niň 60-dan gow­rak ýur­du­nyň döw­let­le­ri­niň we hö­kü­met­le­ri­niň ýol­baş­çy­la­ry Nýu-Ýork­da BMG-niň Baş As­samb­le­ýa­sy­nyň çä­kle­rin­de bio­dür­lü­li­gi go­ra­mak bo­ýun­ça çä­re­le­ri ber­jaý et­mä­ge borç­lan­dyr­ýan «Te­bi­ga­ta wa­da» at­ly be­ýan­ata gol çek­di­ler. «Biz bu wa­da­ny ýe­ri­ne ýe­tir­mek bi­len, söz­den işe geç­mä­ge we öza­ra jo­gap­kär­çi­lik çe­kip, Ýer to­ga­la­gy­ny ha­las et­mä­ge borç­lan­ýa­rys» diý­lip, be­ýa­nat­da mä­lim edil­ýär.
Bra­kon­ýer­çi­li­gi ýok et­mek hem-de 2050-nji ýy­la çen­li dün­ýä um­ma­ny­na plas­tik ga­lyn­dy­la­ryň düş­me­gi­niň öňü­ni al­mak res­mi­na­ma­da bel­le­nen esa­sy mak­sat­lar­dyr. BMG-niň bio­dür­lü­lik bo­ýun­ça sam­mi­tin­de Ger­ma­ni­ýa­nyň, Be­ýik Bri­ta­ni­ýa­nyň, Fran­si­ýa­nyň we beý­le­ki ýurt­la­ryň we­kil­le­ri bu be­ýa­na­ta gol çek­di­ler.
– Bio­dür­lü­lik bi­ziň äti­ýaç­lan­dy­ry­şy­myz bo­lup, ol bi­zi aras­sa ho­wa, suw, iý­mit, bio­ma­te­ri­al­lar we beý­le­ki ze­rur­lyk­lar bilen üp­jün ed­ýär. Şeý­le hem, iş ýer­le­ri­niň dö­re­dil­me­gi­ne ýar­dam be­rip, dur­mu­şy­my­zyň hi­li­ni ýo­kar­lan­dyr­ýar – di­ýip, Ger­ma­ni­ýa­nyň daş­ky gur­şa­wy go­ra­mak we ýad­ro howp­suz­ly­gy mi­nist­ri Swen­ýa Şul­se aýt­dy. Ol ze­per ýe­ti­ril­me­dik te­bi­gy gur­şa­wyň bi­ziň sa­gly­gy­my­zy go­ra­ma­ga kö­mek ed­ýän­di­gi­ni aýt­dy.
Bü­tin­dün­ýä ýa­ba­ny te­bi­gat gaz­na­sy­nyň (WWF) «Janly pla­ne­ta» at­ly ha­sa­ba­tyn­da soň­ky 50 ýyl­da haý­wa­nat dün­ýä­si­niň köp bö­le­gi­niň ýi­tip ýok bo­lup gi­den­di­gi mä­lim edil­ýär. Ha­sa­bat­da oňur­ga­ly haý­wan­la­ryň, şol san­da, guş­la­ryň we ba­lyk­la­ryň sa­ny­nyň 1970-nji ýyl­dan bä­ri gör­ne­tin aza­lan­dy­gy­ bel­le­nil­ýär.
Ha­sa­bat­da jan­dar­la­ryň ýa­şa­ýan ýer­le­ri­niň azal­ma­gy­na, ho­wa­nyň üýt­ge­me­gi­ne, to­kaý­la­ryň sel­çeň­leş­me­gi­ne we dün­ýä um­man­la­ry­nyň ha­pa­lan­ma­gy­na, esa­san, adam­lar ta­ra­pyn­dan al­nyp ba­ryl­ýan iş­le­riň se­bäp bo­lýan­dy­gy bel­le­nil­ýär.