«Visual Captalist» kompaniýasynyň bilermenleri smartfonlary, prosessorlary, «akylly» sagatlary we kabelsiz gulaklyklary öndürýän bazardaky iň oňat kompaniýalaryň sanawyny taýýarladylar. 2020-nji ýylyň ikinji çärýegindäki maglumatlara esaslanyp, taýýarlanan sanawda «Samsung» we «Huawei» kompaniýalary smartfon bazarynda dünýäde öňdebaryjy boldy.
Bu iki kompaniýanyň her biri 20 göterim paý bilen iň oňat smartfon öndürijileriň sanawynda birinji orunda durýar. Ondan soň bazar paýynyň 14 göterimi bilen Amerikanyň «Apple» kompaniýasy, ikinji orunda bolsa «Xiaomi» (10%), «Oppo» (9%), «Vivo» (8%) we «Lenovo» (3%) barýar.
Şol bir wagtyň özünde, hünärmenler Hytaýyň markalarynyň bazaryň 50 göterimden gowragyny eýeleýändigini bellediler. «Apple» kabelsiz gulaklyk bazarynda 35 göterim bilen öňde barýar, «Xiaomi» we «Samsung» 10% we 6% bilen ikinji we üçünji ýerde durýar. «Akylly» sagat öndürýän kompaniýalaryň arasynda bazaryň öňdebaryjylary «Apple», «Huawei» we «Samsung» bolup, ep-esli öňde barýar.
Jumageldi BEGENJOW,
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk
institutynyň talyby.